BAKYLYK AÝDYMYNA ÖWRÜLEN SUNGAT
Geçmişde ene-babalarymyz ýiti zehinleri, egsilmez yhlaslary bilen özleriniň el işlerini ýitirmejek sungat derejesine ýetiripdirler. Olaryň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan şol inçe hem çeper el işleri özüniň milliligi, nepisligi, özboluşly öwüşginliligi bilen beýleki halklaryňkydan tapawutlanýar. Türkmen tebigatynyň gül-gülälekli ýaşyl ýaýlaryndan nusga alnyp çitim bolup, öýdüm bolup göllere, nagyşlaryna siňen türkmen zenanlarynyň halyçylyk we keşdeçilik sungaty asyrlaryň jümmüşinden aşyp, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Gadymy döwürlerden bäri ene-babalarymyzyň kämilleşdirip gelýän halyçylyk, keşdeçilik sungatynda türkmen halkynyň taryhy durmuşy, däp-dessury aýdyňlygy bilen şöhlelendirilýär. Näziklik, mähirlilik, gözellik, asyllylyk ýaly ajaýyp häsiýetlerini türkmen zenanlary özleriniň el işlerine siňdiripdirler. Halyçylyk, keşdeçilik zenanlaryň göwün islegi, arzuwy, ýürek buýsanjy bolmak bilen halkymyzyň amaly-haşam sungatynyň ajaýyplygyna öwrüldi. Gadymy döwürlerden bäri türkmen zenanlary haly dokamagyň, keşde çekmegiň müňlerçe inçe tilsimlerini ele alypdyrlar. Gölleri, [...]
Dowamyny oka