Atamyrat mugallymyň ýazylmadyk eseri (hekaýa)
Bagyr obasynyň köçesinden her gün ir säher bilen bir adam
geçerdi. Egninde üýtgewsiz gara penjegi, elinde tozanjyk basan portfeli bardy. Ýaşulularyň hatyrasyna
başyny ýuwaşja egip, ýylgyryp salamlaşýan bu adam obanyň hormatyny gazanan
taryh mugallymy Atamyrat agady. Onuň üçin mekdep diňe bir iş ýeri däl, eýsem
ömrüniň manysy, ýüreginiň urýan ýeridi.
Atamyrat aga okuwçylara taryhy ýöne bir
sanlar, ýyllar ýa-da atlar hökmünde düşündirmezdi-de, olary şol eýýama alyp
barýan ýaly ederdi. Onuň sypjyrylan, ýöne arassa tagta stoly hemişe köne
kitaplardyr ýazuwly depderlerden doly bolardy.
Atamyrat aga bir gün synp otagyna girende,
okuwçylara tarap seretdi. Öňdäki hatarda oturan ogly Serdara gözi düşdi. Serdar
ýakynda mekdebi tamamlajak oglanlardandy. Emma gözlerindäki öňki şowhun,ýiti
ýalkym ýokdy. Ol soňky wagtlar okuwdan sowuklaşyp, agşamlary öýe giç gelýärdi. Oglunyň ýüregindäki bu sowuklygy aýaly Oguljemal hem
duýýardy. Bir gün agşam Atamyrat aga bir nokada gözüni aýyrman seredip oturan
oglunyň ýanyna bardy-da:
— Serdar oglum, sen öz ýoluňy ýitirýän
ýaly.
Men saňa gaharlanmaýaryn, eýsem gursagymdaky atalyk aladamy paýlaşýaryn.
Häzir ýaşlygyňy, zehiniňi we wagtyňy
peýdasyz zatlara sarp etjek wagtyň däl. Bu günler geçip gider, emma häzirki
galdyran yzyň seň bütin ömrüňe hemra bolar. Şu gün täze gün. Ýitiren wagtyňa
gynanma-da, şu günden başlap kitabyňy, depderiňi eliňe al.
Serdar gaharlanyp
ýerinden turdy:
— Kaka, häzirki zaman başga! Kitaplardaky köne
zatlar bilen ýaşap bolanok. Hemmeler durmuşda öz ornuny tapmaga howlugýar, siz
bolsa henizem gadymy rowaýatlar bilen ýaşaýarsňyz!
Şol sözler Atamyrat
aganyň ýüregine tiken ýaly batdy. Ol ogluny ýazgarmady, diňe çuňňur oýa batyp, hiç zat diýmedi. Çünki
ol mugallymdy. Ol bilýärdi: ynsanyň ýüregindäki buzlary uruş ýa-da gahar-gazap
däl, diňe çydamlylyk eredip bilerdi.
Ertesi gün mekdepde "Geçmişden
geljege yz" ady bilen bäsleşik
yglan edildi. Bu ýaryş obanyň ähli ýaşlary üçin uly synagdy. Ýaryşyň şerti
ýönekeýdi: her okuwçy öz obasynyň taryhyna degişli täze we gymmatly bir tapyndy
ýa-da unudylyp barýan rowaýat getirmelidi.
Serdar bu bäsleşige girmegi düýbünden islemedi.
Emma atasy ony bu işe iteledi.
— Git, oglum, obamyzyň çetindäki Könegalanyň
daş-töweregine aýlanyp gel. Belki, ýitip barýan bir täsinlik duýarsyň — diýip,
ony ugratdy.
Serdar gaharlanyp, öýden çykdy-da,
Könegalanyň harabalygyna tarap ugrady. Gün ýaşyp barýardy. Daş-töweregiň
ümsümligi, agaçlaryň kölegeleri oňa özboluşly bir duýgy berdi. Ol galyň
diwarlaryň arasyna baranda, ýerde ýatan ýarym çüýrän köne sandykçany gördi. Onuň içinde garalyp giden, köne ýazgylar
bar eken. Serdar kagyzlary eline alyp
okap başlady. Bu hatlar uruş ýyllarynda obadan fronta giden esgerleriň ýazan
hatlarydy. Bu sandykçany kakasy Atamyrat mugallym goýupdy. Olaryň arasynda hut
öz atasynyň ýazyp giden hatlary bardy. Hatda şeýle jümleler bardy:
"Men yzyma dolanmarym öýdýän. Ýöne bu toprakda
biziň nesillerimiz ýaşar. Olar ula bolan hormaty, türkmen ýigitleriniň
gaýratlylygyny, ene-atalarynyň sarpasyny unutmasynlar. Taryh diňe kagyzda däl,
ganymyzda bar..”
Bu sözler Serdarda üýtgeşik täsir galdyrdy. Ol elindäki hatlary
bagryna basyp, aglap goýberdi. Ol ilkinji gezek atasynyň nämeler üçin
ýaşaýandygyna, näme üçin her gün sabyr bilen çagalara bilim berýändigine doly
düşünipdi.
Ertesi gün mekdebiň mejlisler zaly adamlardan
doludy. Okuwçylar öz taýýarlan işlerini ýeke-ýekeden görkezip başladylar. Kimler
gadymy küýze böleklerini, kimler bolsa ýaşululardan ýazan rowaýatlaryny alyp geldiler. Nobat Serdara ýetdi. Ol
sahna çykanda zalyň içi ümsüm boldy. Atamyrat aga yzky hatarda buýsanç bilen oňa seredip otyrdy. Serdar eli bilen köne sandykçany açyp atasynyň hatyny alyp, ýuwaşja sesi bilen
sözüne başlady:
— Hormatly mugallymlar,
eziz okuwçylar! Men öňler taryhy diňe kitaplardaky ýazylan zatdyr öýdýärdim.
Emma men düýn aňryýany bilen düşündim: taryh — bu biziň gözümizdäki gözýaş,
ýüregimizdäki buýsanç we şu günki azatlygymyz eken. Eger biz ata-babalarymyzyň
goýan yzlaryny unutsak, onda biz özümizi hem ýitireris.
Ol haty ýuwaşlyk bilen
okap berdi. Zaldakylaryň köpüsi gözýaşyny saklap bilmedi. Atamyrat aga bolsa
ýerinden turup, ogluna tarap ýöredi we ony berk gujaklady. Şol gün Serdar
bäsleşikde birinji orny gazandy. Emma ondan hem wajyp zat bardy: ol ýitip
barýan ruhy gymmatlyklaryň hakyky bahasyny öwrenipdi. Agşam öýe dolananda
oglunyň gözündäki yşygy gören Atamyrat
aga täzeden ýaşlygyna gaýdan ýaly boldy.
Aýgözel Berdiýewa Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 211-nji toparynyň talyby