Ejemiñ düwünçegindäki mukaddeslik (şahyrana oýlanma)
Säher wagtydy, obamyzdaky adamlar sag-aman örüp, her kim
işeri bilen gümradylar, daşarda tamdyryň alawly odunyň sesi eşidilýärdi. Men
bolsa, eýýäm birnäçe wagtdan bäri ýol torbalarymy jemläp, şähere okuw gitmek
üçin taýýarlyk görýärdim. Emma şol pursat aýaklarym ýere çüýlenen ýalydy, öýden
çykmak, ejemiň mähirli gujagyndan aýrylmak maňa dünýäniň iň agyr işi bolup
görünýärdi. Ejem ýanyma geldi. Onuň ýüzündäki her bir gasyn, maňa bitiren
hyzmatlarynyň, çeken zähmetleriniň we ukusyz geçiren gijeleriniň sebäbidi. Ol
elinde ak mata dolanan, entek gyzgynlygy gitmedik, ysy tutuş howlyny gaplap
alan täzeje ýapylan çöregi maňa uzatdy. Men ejemiň barmaklaryndaky tamdyr
odunyň tegmilini, hamyr ýugran mylaýym ellerini görüp, şol pursat gözlerimden
akan damja göz ýaşlarymy bildirmejek bolup, dözümsizlik bilen gözlerimi aşak
saldym.
Meniň ejemiň maňa beren şol düwünçegindäki diňe bir çörek
däldi. Ol çörek-ejemiň janynyň bir bölegi, maňa bolan çäksiz ynamy we alys
ýollarda meni gorajak dosty, ýoldaşydy. Çöregiň ysy burnuma uranda, men diňe
bir bugdaýyň däl, eýsem, ejemiň maňa beren mährini we mähirli sözüni duýdum.
Umumy ýaşaýyş jaýyndaky öz otagymyň bir burçunda
oturanymda, şol düwünçegi açan pursatym ýadymda. Çöregiň bir bölegini
döwenimde, hamala, ejemiň ýylyjak, mähirli ellerine degýän ýaly boldum. Şäheriň
sowuk gijelerinde meniň kalbymy ýyladan zat şol tamdyr çöreginiň mähri boldy.
Men şol pursat düşündim: bu dünýäde enäniň bişiren çöreginden has gymmatly, has
mukaddes hiç bir hazynanyň ýokdugyna. Ol çörek maňa diňe bir gurbat däl, eýsem
“Sen okamaly, sen adamlara ylym-bilim öwretjek, durmuşda öz ýoluňy tapyp biljek
adam bolmaly” diýen sessiz öwüdini berýärdi.
Ejem elimden tutup: “Gyzym, ýoluň ak bolsun! Oka,
abraýly adam bol! Men saňa ynanýaryn” diýip, maňa ak ýol arzuw edipdi. Onuň
gözlerindäki ýaş gynanç däl-de, buýsanç göz ýaşlarydy. Her ädim ätjek
bolanymda, ejemiň tamdyr başyndaky durşy, oduň ýalkymyndan
nurlanan ýüzi göz öňümden gitmeýärdi.
Okuwyň ilkinji günlerinden men okuw jaýymda göreldeli
talyp gyzlaryň biri hökmünde tanalýaryn. Köpçülikleýin çärelerde alypbaryjy
ýa-da aýdymçy bolup sahnada duranymda, döredijilik bäsleşiklerine gatnaşanymda,
meniň iň uly ylhamym-şol mähirli pursatlardyr. Bir gezek sahnada durkam, ejemiň
iň gowy görýän aýdymynyň heňini eşidenimde, göz öňüme ejemiň şol
tamdyr başyndaky durşy geldi. Sahnadaky aýdymyň her bir sözi hamala maňa “Gyzym, men seniň
bilen” diýýän ýalydy. Sahnadaky ähli owazlar meniň kalbymda diňe seniň mähriňe
öwrüldi, ejemjan! Şol pursat oturan tomaşaçylara, talyp deň-duşlaryma
seniň maňa bolan ynamyň üçin aýdym aýtdym…
Haýsydyr bir işe başlamazymdan öň, men hökman ejem bilen
maslahatlaşýaryn. Käbämiň öwütleri, berýän maslahatlary meni hemişe üstünliklere
alyp barýar. Onuň: “Gyzym, päklik bilen başlanan işiň soňy haýyr bolar, hemişe
halkyň hyzmatynda bol!” diýen ýönekeýje, emma durmuşyň iň uly hakykatyny özünde
jemleýän sözleri meni hemişe ýalňyşmakdan goraýar we belent sepgitlere,
üstünliklere ugrukdyrýar. Men öz saýlap alan mugallymçylyk kärime diňe bir
hünär hökmünde garaman, mukaddes borç hökmünde garaýaryn. Sebäbi mugallym
bolmak ýüreklere bilim tohumyny sepmekdir, mähir paýlamakdyr. Men her bir
okuwçymyň gözlerine bakanymda, ejemiň maňa bakan mähirli nazaryny bermäge çalşaryn.
Men olara terbiýe, ylym-bilim
bermek bilen bir hatarda ejemden öwrenen mährimi we sabyrlylygymy bermek
isleýärin.
Meniň saýlan mugallymçylyk
kärim hem ejemiň maňa beren çäksiz mähriniň dowamydyr. Men nirede bolsam-da,
elmydama ejemiň şol mähir doly düwünçeginiň ýylylygyny ýüregimde göterýärin.
Sebäbi meniň iň uly mugallymym-meni mähir bilen terbiýeleýän, aýdymyma owaz,
kalbyma heň, ylham, ýoluma nur bolýan ejemdir.
Laçyn Halowa, Beki Seýtäkow
adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 201-nji toparynyň talyby