TM EN RU
Logo
30.10.2026

Bitaraplyk, dost- doganlyk -saýlan aýdyň ýolumyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan—bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutalygynda ýurdumyz gülläp ösýär. Ýaş nesillerimiziň watançylyk ruhunda terbiýelenip, olaryň döwrebap bilimlerden we dürli ugurlardan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär.

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakdaky uly üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar.

Türkmenistan BMG bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 46-njy sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň bu guramanyň deňhukukly agzalygyna kabul edilýändigi hakynda karar kabul edildi. Agza ýurtlaryň her biri BMG- niñ Düzgünnamasynda beýan edilen, halkara gatnaşyklarynyň esasy ýörelgelerine esaslanýan şertleri öz üstüne borç edip alýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niñ Baş Assambleýasy 185 döwletiň, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Rezolýusiýa ikinji gezek kabul edildi. 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi türkmen halkynyň kalbyna ganat bekledip, göwünlerimizde ýagşy-ýagşy umytlary oýardy. 2024-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 4 sany Kararnama kabul edildi. Şeýlelik bilen, ýurdumyz tarapyndan kabul edilen Kararnamalaryň sany 29-a ýetdi. Olaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň dünýäde parahat ýaşaýşy üpjün etmekde, sebitde we yklymlarda dost-doganlygy pugtalandyrmakda, ýüze çykýan global meseleleri çözmekde nusgalyk işleri amal edýändigini ýene bir gezek alamatlandyrdy.

Bu seneler Milletler Birleşiginiň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 12-nji dekabr Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi. Arkadagly Serdarymyzyň çuňňur oýlanyşykly, täzeçillik syýasaty netijesinde biziň döwletimiz gysga döwrüň içinde çalt depginler bilen ösýän ýurtlaryň sanawynda mäkäm orun eýeläp, dünýäniň hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşdy.

Dünýäde öň hem Şweýsariýa, Awstriýa ýaly bitarap döwletler bardy. Ýöne BMG tarapyndan resmi taýdan Bitarap döwlet diýip ykrar edilen ilkinji ýurt biziň Türkmenistanymyz boldy. Bitaraplyk derejesi bize hiç hili harby bileleşiklere goşulman, parahat ýaşamaga mümkinçilik berýär. Garaşsyzlyk halkymyza özbaşdaklyk, erkinlik beren bolsa, hemişelik Bitaraplygymyz bize dünýäniň ähli döwletleri, halklary, milletleri bilen dostlaşmaga, doganlaşmaga, ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga giň mümkinçilik döretdi. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk biziň goşa ganatymyz bolup, bu gün Türkmenistanyň, türkmen halkynyň at-abraýyny al-asmana galdyrdy. Bu bolsa bizi hem begendirýär, hem buýsandyrýar.                    

Berkarar döwletiñ täze eỳỳamynyñ Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan Diýarymyzda toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşyp gelýär. Ine, ýakyn günlerimizde Bitaraplygymyzyň 31 ýyllyk baýramy ýetip gelýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda gürrüñ edilende, ilki bilen, “Bitaraplyk” sözüniň manysyna ünsüñizi çekesim gelýär. “Bitaraplyk ” sözi, esasan, halkara hukugynda, daşary syýasatda işjeñ ulanylýar. Bitaraplyk – daşary syýasatyň şeýle bir ugry bolup, ony berjaý edýän döwlet beýleki ýurtlaryň arasynda uruş bolaýan ýagdaýynda-da oňa gatnaşmaly däldir we urşýan döwletlere harby kömek bermeli däldir, parahatçylyk döwründe bolsa harby bileleşiklere ýa-da toparlara gatnaşmaly däldir. Şonuň bilen birlikde Bitaraplyk öz çäkleriniň eldegrilmesizligini, Bitarap döwletiň hukugyny hem göz öňüne tutýar. Eger beýleki bir ýurt ýa-da ýurtlar döwletiň Bitaraplygyny bozan ýagdaýynda, ol öz Bitaraplygyny goramaga haklydyr.                                                           

Bitaraplyk bize näme berýär ? Bitaraplyk sebit parahatçylygy pugta berkitmäge, serhetdeş döwletler bolan Eýran, Owganystan, Gazagystan, Özbegistan we dünýäniň beýleki ýurtlary bilen dostlukly, hoşniýetli gatnaşyk etmäge, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge we berkitmäge mümkinçilikleri has artdyrýar. Şeýle hem Bitaraplyk dünýä türkmenleriniň öz Watany hem-de ýakynlary bilen gatnaşyklaryna, umuman, dostluk we medeni gatnaşyklaryny berkitmäge şertleri döredỳär.     

 Ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň ruhuna we mazmunyna, BMG-niň Düzgünnamasyna, öz üstüne alan halkara borçnamalaryna esaslanýan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi beýleki ýurtlaryň, ilkinji nobatda, goňşy döwletleriň arasynda dost-doganlygy berkidỳän köprä hem sütüne öwrüldi.. Bitaraplyk hukugymyz ỳurduň içerki durnukly we depginli ösüşi üçin amatly şertleri döretmäge mümkiçilikler berdi.                       

Hemişelik Bitaraplygy Berkarar döwletiñ täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe döwletimiziñ ösüşi has-da belent derejelere ýetýär. Hormatly Prezidentimiz baky Bitaraplygymyzyň ruhuna we mazmynyna eýermek bilen, dünýä döwletleri bilen jebis gatnaşyklary ýola goýmaga uly üns berýär. Türkmenistan dünýä döwletleri bilen gatnaşyklaryny barha giňeldýär. Biz taryhy çeşmelere salgylananymyz-da türkmenleriň hoşniýetli halk bolandygyny bilýäris.                                                               

Dünỳä bilen aýakdaş barỳan bitarap ýurdumyzyñ ähli ugurlaryna ösen döwletleriñ tehnologiýalary giñden ornaşdyrylýar, sanly ulgama tapgyrlaýyn geçmek işi maksatnamalaýyn alnyp barylýar. Munuñ özi hoşniỳetli Bitaraplyk ỳörelgämiz bilen baglydyr.  

Türkmenistan bilen Ýewropa Howupsyzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hem gumanitar ugur boýunça gatnaşyklar giň gerime eýe bolýar. Bu bolsa Bitarap ýurt hökmünde döwletimiziñ halkara derejesinde öz üstüne alan borçlaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýändigine güwä geçýär. Türkmenistanyň ösen döwletler bilen deň hukukly hyzmatdaşlygy ösdürmegi ýurduň içerki oňyn özgertmeler bilen bile sazlaşykly gatnaşygy alyp barýandygyny görkezýär.                

 

 Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň taryh mugallymy Akjagül Ýoldaşowa

Soňky habarlar