TM EN RU
Logo
05.11.2026

Arassaçylyk-saglygyň gözbaşy

Arassaçylyk – bu ýöne bir wagtal-wagtal edilýän iş däl-de, eýsem durmuş ýörelgesidir. Ony özümizde endik ýagdaýyna getirmek bilen, biz diňe bir öz saglygymyzy goramak bilen çäklenmän, eýsem ruhy taýdan baýlaşýarys we durmuşymyza täze bir gözellik goşýarys. Arassa gurşawda ýaşamak – özüňe we daş-töweregiňe bolan iň uly hormatdyr. Gündelik durmuşyň aladalary, ylgawlary bilen käte üns bermesek-de, töweregimiziň we bedenimiziň arassaçylygy ýaşaýyşyň hilini kesgitleýän iň esasy gurallaryň biridir. Ol diňe bir gözellik ýa-da tertip-düzgün meselesi bolman, eýsem saglygymyza, ruhy dünýämize we hatda üstünliklerimize-de gönüden-göni täsir edýär.

1. Saglygyň polat galkany

Beden we daşky gurşaw arassaçylygy - dürli kesel dörediji mikroplardan, wiruslardan we bakteriýalardan goranmagyň iň netijeli usulydyr. Göz öňüne getiriň, ýönekeýje eliňi ýuwmak endigi her ýyl dünýäde millionlarça adamyň ýokuşma kesellerine uçramagynyň öňüni alýar. Arassa gurşawda ýaşamak öýken, deri we aşgazan keselleriniň döreme ähtimallygyny düýpli peseldýär.

2. Ruhy rahatlyk we psihologik şatlyk

Daş-töweregiň  hapa bolmagy ynsanda aňyň ýadamagyna, gussa batmagyna we stress derejesiniň ýokarlanmagyna getirýär. Arassa we tertipli otag adamyň akyl-oýuny durlap, gorky, alada we gaýgydan dynmaga ýardam edýär.

3. Ünsüň jemlenmegi we ýokary öndürijilik

Iş stolumyzyň ýa-da ýaşaýan ýerimiziň arassa we tertipli bolmagy zähmet öndürijiligimizi ýokarlandyrýar. Dürli-dürli gereksiz zatlaryň göz öňünde durmazlygy aňyň esasy işe ünsi jemlemegine kömek edýär. Ylmy barlaglar hem arassa gurşawda işleýän adamlaryň has döredijilikli we çalt karar kabul  edip bilýändiklerini subut edýär.

4. Jemgyýetdäki sylaşyk we gözel görnüş

Arassaçylyga üns berýän adam daş-töweregindäki ynsanlarda hemişe ýakymly we ynamly täsir galdyrýar. Üst-başyň tämizligi, egin-eşikleriň tertipliligi adamyň özüne bolan ynamyny artdyrmak bilen bile, jemgyýet arasynda abraýynyň we sylaşygynyň ýokarlanmagyna getirýär.

Halkymyzyň köpasyrlyk durmuş tejribesinden süzülip çykan pähim-paýhaslary, atalar sözleri we nakyllary arassaçylygyň diňe bir fiziki tämizlik däl-de, eýsem uly bir medeniýet, ruhy tämizlik we bagtly durmuşyň esasy guralydygyny subut edýär.

«Arassaçylyk – saglygyň gözbaşy»

Bu nakyl adamyň saglygynyň göni tämizlige baglydygyny görkezýär. Gadymy döwürlerden bäri ata-babalarymyz dertleriň köpüsiniň hapaçylykdan, tertipsizlikden döreýändigini bilipdirler. Öý-işigini, iýjek-içjek iýmitini we geýjek egin-eşigini tämiz saklan ynsanyň kesellerden uzakda boljakdygy şu ýönekeýje setirlerde jemlenendir.

«Öýüň tämizligi – göwün tämizligi»

Ata-babalarymyz daşky gurşawyň arassaçylygy bilen adamyň içki dünýäsiniň arasynda berk baglanyşyk gurupdyrlar. Ýaşaýan gurşawyny arassa saklaýan adamyň pikirleri, niýetleri we kalby hem tämiz bolýar diýlip hasaplanypdyr. Ýagny, daşky tertip içki parahatçylygyň aýnasydyr.

Görşümiz ýaly, halkymyzyň pähimleri arassaçylyga diňe bir gündelik endik hökmünde däl-de, eýsem ýaşaýyşyň we bagtyň iň kämil düzgünnamasy hökmünde seredipdir. Atalar sözlerindäki bu şöhleler biziň her birimize tämizligi durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwürmäge ýol görkezýär.Ýöne iň esasy zady unutmaň: hakyky arassaçylyk ilki bilen kalbyňyzda, niýetiňizde we pikirleriňizde başlamalydyr. Daş-töweregi tämiz saklaýşymyz ýaly, dilimizi gowy sözler bilen, aňymyzy bolsa peýdaly ylymlar bilen arassa saklamalydyrys. Öýüňizi tämiz tutanyňyzda rysgalyňyz artar, üst-başyňyz arassa bolanda abraýyňyz beýgeler, göwünleriňiz tämiz bolanda bolsa bütin dünýäňiz ýagtylar. Şonuň üçin arassaçylygy ömürlik hemra ediniň!

 

Aýlar  Begjikowa,           

 Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň rus dili we edebiýaty mugallymy, mekdebiň ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Soňky habarlar