“Nebitçi” topary – Türkmenistanyň çempiony!
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň noýabr aýynyň 9-13-i aralygynda Türkmenistanyň Milli Woleýbol federasiýasy tarapyndan ýurdumyzyň woleýbol boýunça zenanlar klub toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi.
Bu ýaryşa Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň “Nebitçi” topary, Türkmen döwlet Maliýe institutynyň “Maliýeçi” topary, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Binagär” topary, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň “Ýüpek ýoly” topary, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň “Talyp sport” topary we Balkan welaýatynyň “Balkan” topary gatnaşdylar. Çekeleşikli we gyzykly geçen bu ýaryşda 1-nji orna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň “Nebitçi” topary, 2-nji orna Türkmen döwlet Maliýe institutynyň “Maliýeçi” topary we 3-nji orna Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň “Ýüpek ýoly” topary mynasyp bolmagy başardylar.
Bu üstünlikler ýurdymyzda sportuň täze belentliklere çykmagy üçin öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edýär.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti