TM EN RU
Logo
Olimp orta sport mekdebinde ýetginjekleriň arasynda dzýudo boýunça ýaryşlar geçirildi
2026-11-14T18:51:22.453991+05:00

Olimp orta sport mekdebinde ýetginjekleriň arasynda dzýudo boýunça ýaryşlar geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň “Olimp” orta sport mekdebiniň "Dzýudo" zalynda "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany" ýylynda spotuň dzýudo görnüşi boýunça 2009-2010-2011-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň açyk birinjiligi boýunça ýaryşlar guraldy.

Ýaryşa gatnaşan “Olimp” orta sport mekdebiniň okuwçy türgenleri hem öz ussatlyklaryny görkezdiler. Mekdebiň adyndan ýaryşa gatnaşan Taganow Pälwan 66 kg agramda çykyş edip 1-nji orna altyn medala, Rozmyradow Bunýatbek bolsa, 55 kg agramda 2-nji orny eýeläp kümüş medala eýe boldular.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bedebterbiýäni we sporty ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatyny durmuşa ornaşdyrmak, milli ýygyndy toparlaryň düzümine ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden mynasyp türgenleri saýlap seçip almak maksady bilen guralan ýaryş sportuň dzýudo görnüşi boýunça Halkara federasiýasy (IFJ) tarapyndan tassyklanan düzgünler boýunça geçirildi.

Şeýle sport ýaryşlaryň guralmagy ýetginjekleriň sporta bolan höwesini artdyrmaga, olaryň türgenleşik başarnyklaryny kämilleşdirmäge we sagdyn ösmegine ýardam berýär. Ýaryşlara dürli sport mekdeplerinden gelen türgenleriň gatnaşmagy tejribe alyşmak, sagdyn bäsdeşlik gurşawyny döretmäge mümkinçilikleri açýar.

Güljahan AMANOWA,

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport

baradaky döwlet komitetiniň “Olimp”

orta sport mekdebiniň mugallymy