COP31 BOÝUNÇA TEGELEK STOL DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2026-njy 13-nji noýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde COP31 halkara howa maslahaty, onuň esasy ugurlaryny we ileri tutulýan wezipelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen tegelek stol duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda COP31 maslahatynyň çäklerinde öňe sürülýän esasy başlangyçlar, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, daşky gurşawy goramak we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary barada giňişleýin pikir alşyldy.
Bellenilşi ýaly, COP31 maslahatynyň hereketler maksatnamasynyň çäklerinde on sany ileri tutulýan ugur kesgitlenildi. Olaryň hatarynda «Galyndysyz dünýä» başlangyjy, deňiz we okean ekoulgamlaryny goramak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, şäherleriň howanyň üýtgemegine durnuklylygyny ýokarlandyrmak, ýaşyl senagatlaşma, arassa energiýa çeşmelerine geçmek, ýaşlaryň we bilimiň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak ýaly möhüm ugurlar bar.
Şeýle hem howanyň üýtgemegine garşy göreşde kabul edilen borçnamalary anyk amaly çärelere we maýa goýum taslamalaryna öwürmek, biodürlüligi goramak, çölleşmä garşy göreşmek hem-de saglygy goraýyş ulgamlarynyň howa töwekgelçiliklerine durnuklylygyny ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Duşuşykda 2026–2030-njy ýyllar üçin ählumumy klimat hereketleriniň maksatnamasynyň esasy ugurlary hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, energetika, senagat we ulag ulgamlarynda zyňyndylary azaltmak, tebigy ekoulgamlary gorap saklamak, azyk önümçiligi ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, şäherleriň durnukly ösüşini üpjün etmek, şeýle hem ýaşyl maliýeleşdiriş we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak meseleleriniň ähmiýeti nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda COP31 maslahatynyň öňde goýýan maksatlarynyň we wezipeleriniň durmuşa geçirilmeginde halkara hyzmatdaşlygyň, tejribe alyşmagyň hem-de bilelikdäki başlangyçlaryň möhüm orny eýeleýändigi nygtaldy. Şeýle hem Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan işleriniň halkara ekologiýa başlangyçlaryna goşant goşýandygy bellenildi.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti