Ynam we ylham milli terbiýäniň özenidir
Ynsanyň ruhy dünýäsi onuň durmuşda basýan ädimlerini, öňde goýan maksat-myradyny we kämilliğe tarap barýan ruhy ýoluny kesgitleýän iň mukaddes hem-de syrly giňişlikdir. Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan milli pelsepesinde we baý edebi-ruhy mirasynda aýratyn orun tutýan «Kalba – ynam, köňle – ylham» diýen dana jümle, kämil şahsyýetiň içki dünýäsiniň iň esasy iki sütünini özünde jemleýär. Kalpda bar bolan sarsmaz ynam ynsana durmuşyň iň agyr synaglaryndan hem üstünlikli geçmäge uly güýç, ruhy galkynyş we gaýrat berse, köňüldäki batyrlyga, erkinlige, gaýratlylyga we belentlige gaplanan ylham bolsa ony täze açyşlara, döredijilige hem-de beýik işleri amala aşyrmaga ugrukdyrýar. Ynsan kalbynyň kämilliğe barýan ýolunda bu iki mukaddes duýgy şahsyýetiň kemala gelmeginde we kämilleşmeginde biri-birini doldurýan, aýrylmaz bitewilikdir.
Ynam — islendik üstünligiň, durmuş durnuklylygynyň we içki hyjuwyň we ruhy belentligiň esasyny düzýän iň esasy ruhy güýçdür. Ynam — üstünligiň durnukly gözbaşydyr. Kalbynda öz güýjüne, halkyna, ata Watanyna, öz gözbaşyny müňýyllyklardan gaýdan milli gymmatlyklaryna we mukaddesliklerine sarsmaz ynamy bolan şahsyýet, durmuşyň her bir pursadynda hemişe dogry we adalatly ýoly saýlamagy başarýar. Ýaş nesliň kalbynda öz döwletine, onuň synmaz syýasy we medeni sütünlerine bolan ynamy hem-de söýgini berkitmek — türkmen milli terbiýäniň asyl özenidir.
Kalby ynamdan püre-pür bolan ynsan durmuşyň islendik çarkandakly, kyn ýollaryndan gorkmaýar, tersine, batyrgaý we maksadokgunly ýagdaýda uly netijeleri gazanmaga ymtylýar. Şeýle ynsan geçmişiň baý tejribesine we pederlerimiziň öwüt-nesihatlaryna daýanyp, şu günüň gadyr-gymmatyny bilýär we geljege tarap uly ynam bilen garaýar. «Paýhas çeşmesi» kitabynda getirilýän «Ynamly ýigit dagy ýykar» diýen pähimli ýörelge hem hut şu manyda ýaşlaryň ruhuna siňdirilýär hem-de olary beýik maksatlara ruhlandyrýar.
Eger ynam kalbyň sarsmaz berk sütüni bolsa, ylham ynsan köňlüni täze belentliklere atarýan ganatdyr. Ylham diňe bir şahyrlara, ýazyjylara ýa-da suratkeşlere mahsus bolan duýgy bolman, eýsem ol islendik käriň hakyky ussadyna — inžener, täzelikçi mugallym, alymdan talyp okuwça çenli zerur bolan ruhy galkynyşdyr, döredijilik ylhamydyr. Köňli ylhamly ynsan öz ukybyny diňe bir ýönekeý gaýtalamak ýa-da maglumaty ýat tutmak bilen çäklendirmän, eýsem öz işine täzeçillik, häzirki zaman kämilligini we gözelligi goşmagy başarýar. Çünki, ylham — köňlüň döredijilik ganatydyr.
Taryhda adam aklyna sygmajak geň galdyrýan oýlap tapyşlary eden beýik akyldarlar, alymlar hem öz işlerine diňe bir gury ylmy tejribe taýdan däl, eýsem uly köňül ylhamy bilen çemeleşipdirler. Bu bolsa ylhamyň adamyň zehinini açmakda näderejede çäksiz bahasynyň bardygyna güwä geçýär. Mundan başga-da, ylham ýaşlary edep-terbiýeli, medeniýetli, töweregindäki adamlara we eziz tebigatymyza, ata Watana, ene topraga mähirli hem-de aýawly garamaga ugrukdyrýar. Gözelligi çyn kalbyň bilen duýmak we ony döredijilige öwürmek kämil şahsyýetiň açarydyr.
Hakyky terbiýäniň we bilimiň iň uly syry hem şundadyr: ol diňe bir kitapdaky gury maglumatlary öwretmek bilen çäklenmän, eýsem adam kalbyndaky gizlin yşygy, zehin uçgunyny tapyp, oňa ruhy ganat baglamalydyr. Milli ruhly, giň dünýägaraýyşly nesilleri kemala getirmekde kalbyň ynamy bilen köňlüň ylhamyny utgaşdyrmak adamyň ruhy dünýäsine gizlin hem-de içgin aralaşmaga giň ýol açýar. Ynam we ylham utgaşmasy ynsan kalbyna aralaşmakda hakyky bilimiň we terbiýäniň syry bolup — kämil milli pedagogik garaýyşlaryň özenidir.
Bu utgaşyklyk mugallymçylyk kärinde, pedagogikada örän wajyp şert bolup durýar. Sebäbi ylhamsyz gury ynam diňe bir guraksy we çäklendirilen düzgünlerden ybarat bolup biler, ynamsyz gury ylham bolsa maksatsyz, durnuksyz we netijesiz bolar. Şonuň üçin bilim we terbiýe işinde bilim alýanlara ilki bilen ynam döretmeli, soňra bolsa şol ynamyň esasynda olaryň göwünleriniň ylham gazanyny doldurmaly.
Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaşlary bu mukaddes we dana ýörelgeler esasynda nesilleriň ruhy dünýäsini kämilleşdirmek ýoly milli ruhdaky terbiýäniň altyn kadasy hasaplanýar. Pederlerimiziň pähimi arkaly terbiýelenen ösüp gelýän ýaş nesliň kalbyna tutuş jemgyýet, bilim ojaklary we maşgala mukaddesligi eziz Watana bolan egsilmez guwanç we wepalylyk ynamyny hem guýmaly. Şol bir wagtda olaryň ylymda, sportda, tehnikada we sungatda täze belentlikleri eýelemegi üçin hem köňüllerine hemişelik ylham bermelidir. Bu uly jogapkärli wezipelerde mugallymlaryň, professor-mugallymlaryň, terbiýeçileriň zähmetine aýratyn uly orun degişlidir.
,,Paýhas çeşmesi” kitabyndaky gadymy ata-babalarymyzyň we dana pederlerimiziň «Kalba – ynam, köňle – ylham» diýen giň we çuň manyly asylly sözleri diňe bir owadan aýdylan setirler däl-de, eýsem kämil türkmen şahsyýetini, ýagny ata Watanyny çäksiz söýýän, halal we döredijilikli zähmet çekýän, ýokary ylymly hem-de kämil medeniýetli nesli kemala getirmegiň baş ruhy ýol görkezijisi hasaplanýar. Watançy we il-güne wepalylyk terbiýesi milli ruhuň iň esasy özeni we mizemez sütünleriniň biri bolup, Watana bolan mukaddes söýgüdir. Şahsyýetde ynamly kalp — sarsmaz sütün bolsa, ylhamly köňül — beýik ganat bolýar. Kalpda ynam, köňülde ylham bu milli ruhly kämil şahsyýeti kemala getirmegiň iki sütünidir.
Ylym-bilim we edep-terbiýe häzirki ösen, ýokary tehnologiýalar zamanasynda ylymly-bilimli, milli terbiýeli nesil döwletiň we milletiň ykbalyny çözýär. Kalby sarsmaz ynamdan, köňli egsilmez ylhamdan doly bolan geljegi gurujy bagtyýar nesillerimiz döwletimizi has-da kuwwatly geljege tarap ynamly ädimler bilen alyp giderler.
Şeker Arazberdiýewa, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň matematika mugallymy