TM EN RU
Logo
27.10.2026

Mugallymçylyk mekdebiniň köňülleri ylhamly, gollary ganatly galamly zehinli ýaşlary

“Nesil! Nesil – munuň özi barlyk, ol seniňem, seniň halkyňam ykbalyny çözer, ol seni görlüp-eşidilmedik belentliklere göterer.” 

Milli Liderimiziň bu jümlesi Watanymyzyň mertebesini kuwwatlandyrjak, onuň at-owazasyny dabaralandyrjak ýaşlarymyzyň bardygyna bolan buýsanjyň alamaty. Ýiti zehinli, ugurtapyjy, ylma-bilime höwesek ýaşlaryň köp bolmagy Watanymyzyň ýaşyl tugunyň, geljeginiň ynamly gollardadygyny aňladýar. Ussat ýazyjymyz Beki Seýtäkowyň adyny buýsanç bilen göterýän Mugallymçylyk mekdebimizde-de şeýle zehinli ýaşlaryň köpdügi döwrümizde ylym-bilime goýulýan çuňňur sarpadan nyşan. Bu ýerde bilim alýan ýaşlarymyz öz okuwlaryndan daşary döredijilik bilen içgin gyzyklanyp, şygyr hem kyssa eserleri bilen metbugat sahypalarynda, döredijilik duşuşyklarynda yzygiderli çykyş edýärler. Mugallymçylyk mekdebimizde şular ýaly kalplary ylhamly, gollary ganatly galamly talyp ýaşlary özünde jemleýän “Bedew batly Watan, ak ýolly gadam, Döwrümiz wasp edýär “Ganatly galam” atly edebiýat birleşmesiniň döredilmegi, şeýle-de Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary üçin mekdebiň çäginde “Ösüş ýoly” gazetiniň hereket etmegi ýaş dörediji şahyrlaryň, ýazyjylaryň hasam köpelip, galamlarynyň ujunyň ýitelmegine, onlarça täze eserleriň döremegine itergi berýär. Edebiýat birleşmesiniň her gezekki döredijilik duşuşygyna bir halypa şahyrymyzyñ myhman hökmünde çagyrylyp, olaryň öz döredijilik ýollary barada söhbetler edip, ýazan goşgularyny okap bermegi talyplarymyzda ýakymly täsirleri galdyrýar. Aýratynam, şu çäreleriň has ähmiýetli tarapy, ýaş şahyrlarymyzyň hem öz döredijiliginden goşgulary okap berip, olara-da halypalarymyzyň baha bermegi ýiti zehinli ýaş döredijileriň  öz ýoluny tapmagyna itergi berýär, olary täze eserleri döretmäge ruhlandyrýar. Ýaşlarymyzyň döredijilik menzillerinde ganatly galamlarynyň badyny gowşatman, hasam joşgunly eserleri döretmegi üçin Mugallymçylyk mekdebimizde kän işler alnyp barylỳar. Şolaryñ arasynda “Berkarar döwletiň bagtyýar we ýaş kyssaçylary” ady bilen kyssa eserlerini ýazmak boýunça talyplaryň hem mugallymlaryň arasynda yglan edilen bäsleşik hem zehinli kyssaçylary ýüze çykarmakda we olary täze başlangyçlara ruhlandyrmakda örän uly ähmiýete eýe boldy. Şol bäsleşige gatnaşan onlarça kyssaçy talyp ýaşlarymyz hem mugallymlarymyz ýadygärlik sowgatlar hem hormat hatlary bilen sylaglandy. Ýadygärlik sowgat hökmünde olaryň ellerine bäsleşige hödürlenen kyssa eserlerini jemleýän ýygyndynyň gowşurylmagy gursagy ylhamly döredijiler üçin ýatdan çykmajak pursatlaryň birine öwrüldi. 

Döwür bagtyýar, ýurt erkana bolanda şol ýurduň raýatlary gollaryna galam alyp, joşgunyndan täze eserler döredýär. Diýmek, bu ylham, bu joşgun öz gözbaşyny eşretli döwrümizden, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara döredijilikli okamagy, öwrenmegi üçin döredip berýän mümkinçiliklerinden alyp gaýdýar. Ylym-bilimiň gülläp ösmegi, edebiýatymyzyň dünýä derejesinde dabaralanmagy üçin döwletli işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolup, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Güljan Kakaýewa

Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň

türkmen dili we edebiýaty mugallymy

Soňky habarlar