Tomusky tejribelige taýýarlyk dersinden
[...]
Dowamyny okaUruş we zähmet weteranlary Watana birkemsiz gulluk etmegiň nusgasy bolmak bilen jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşiniň üpjün etmegine agzybirligiň berkidilmegine mynasyp goşandyny goşýarlar. Bu gün Watan duzuna wepaly bolup, ýeňiş baýdagyny diken gerçekleriň ýeňşi hormatlanyp, “Ýeňiş güni” baýram edilýär.Hormatly Prezidentimiziň geçmişe beýik sarpasy hökmünde 1941-1945-nji ýyllarda öz ömürleri bilen ýyllara nusgalyk mertligi görelde edip goýan uruş weteranlarymyza, tylda galan ýar ojagyny wepadarlyk bilen saklap oturan enelerimize goýulýan sarpadan nyşandyr!Ýakynda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde 9-njy maý Ýeňiş güni mynasybetli “Gahrymanlar watansöýüjiligiň nusgasydyr” atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.Dabaraly maslahatda Mugallymçylyk mekdebiniň matematika mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, halypa mugallym Nurnazarow Gaýypnazar, mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, “Watana bolan söýgüsi üçin” diýen medalyň eýesi, halypa mugallym, Jowjiýew Amanbaý, mekdebiň taryh mugallymy, “Watana bolan söýgüsi üçin” diýen medalyň eýesi Jumaýew Saparbaý, mekdebiň psihologiýa mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Durdymedowa Ogulşat mugallym dagylar ç [...]
Dowamyny okaMugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty usuly birleşmesiniň mugallymy Bossan Murzaýewanyň şahsy iş meýilnamasy boýunça gurnan ”Muzeýler taryhy gymmatlyklarymyzyň hazynasy” atly Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen syýahatçylykMilli mirasymyz, ruhy-medeni gymmatlyklarymyz, kämil medeniýetimiz we sungatymyz biziň mizemez binýadymyzdyr. Hormatly Prezidentimiziň Watany hemmetaraplaýyn özgertmegi milli mirasa sarpa goýmak bilen baglanyşdyrmagy hem bizeşeýle diýmäge mümkinçilik berýär. Sebäbi milli miras, ruhy-medeni ýörelgämiz, däp-dessurlarymyz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň esasyny düzýän gymmatlyklardyr. Halkyň ruhy şu gymmatlyklaryň jümmüşinde has berkeýär, jebisleşýär,kämilleşýär. Diýmek, milli miras halkymyzy ruhy taýdan bitewüleşdirip, beýik işlere ruhlandyrýan özboluşly güýçdür.Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda ýaşlar bardaky döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Okamak we öwrenmek, sport bilen meşgullanmak, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak bagtyýar nesillerimiziň baş maksady bolup durý [...]
Dowamyny okaBerkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwretmek ugrunda bagtyýar çagalarymyza döwrebap ylym-bilim bermekde degerli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde bagtyýar nesillerimize dünýä ölçeginde ylym-bilim, asylly terbiýe bermek üçin ähli şertler döredilýär.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ylym we bilim — bu halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan hem-de nesilden-nesle geçiren bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr. Hakykatdanam, mähriban halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan we döredip gelen ruhy hem-de maddy gymmatlyklarynyň ählisi ýaşlara nusgalyk mekdep bolup durýar. Türkmeniň geçmişini bilýän, döwletimiziň bu günki ýeten belentliklerine guwanýan, ylymly-bilimli, berkarar Watanymyzy has-da beýgeltmäge ukyply, watansöýüji nesilleri ýetişdirmek biziň baş maksadymyzdyr.Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýip bellemek bilen, ýaşlaryň bilime, okamaga bolan höwesiniň ýokary bolmalydygyny ündeýär. Eziz Diýarymyzda ýaşlara [...]
Dowamyny okaDaşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy