Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary göçme okuw sapagyny geçirdiler
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň nebitgaz senagaty dünýä ülňilerine laýyklykda depginli ösýär. Bu ösüşiň binýady bolsa ylym bilen önümçiligiň pugta bitewiligine daýanýar. Häzirki döwürde ylym, bilim we önümçiligiň utgaşykly işlemegi diňe bir pudagyň däl eýsem milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmagyň esasy şertidir. "Türkmengaz" döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işläp taýýarlaýan taslamalaryny we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda alyp barýan ylmy-barlag işlerini önümçilige ornaşdyrmak biziň esasy maksatlarymyzyň biridir. Öňdebaryjy tehnologiýalary sanly ulgamlary we tehnologiki serişdelerini nebitgaz pudagyna giňden girizmek arkaly önümçilik kuwwatymyzy täze derejä çykarmak boýunça işler alnyp barylýar. Uniwersitetimiz tarapyndan Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlygy giňeldip talyp ýaşlara dünýä derejesinde bilim bermek hem-de tejribe geçiş ulgamymyzy kämilleşdirmek boýunça uly wezipeleri öňümizde dur.
Şu gün hem, "Türkmengaz" döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda göçme okuw sapagy geçirildi. Bu institutynyň ökde hünärmenleri tarapyndan nebitgaz pudagynda alnyp barylýan wajyp işleriň netijeleri, olaryň görnüşleri barada gyzykly düşünje berdiler.
Ylymyň, bilimiň hem-de önümçiligiň sazlaşykly utgaşmagy - nebitgaz pudagynyň uzak möhletleýin durnuklylygynyň, ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň we ýurdumyzyň energetika howpsuzlygynyň berk kepilidir.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti