Maddy we ruhy medeniýet
Medeniýet diýip, giň manyda adamyň we jemgyýetiň maddy hem-de ruhy gymmatlyklary döretmäge gönükdirilen özgerdiji häsiýetdäki işlerine we onuň netijelerine aýdylýar. Şeýle manydaky medeniýet – munuň özi tebigat tarapyndandäl-de, hut adamyň hem-de jemgyýetiň döredýän maddy we ruhy häsiýetdäki gymmatlyklardyr. Dar manyda medeniýet diýlip, sungata, ýagny sungat eserleriniň döredilmegine, ýaýradylmagyna we saklanylmagyna hem düşünilýär. Şunda sazandalaryň, aýdymçylaryň, ýazyjy-şahyrlaryň, artistleriň, suratkeşleriň,heýkeltaraşlaryň edýän işleri; sergileri guramak, sahna eserlerini goýmak; muzeý hem-de kitaphana işleri we başgalar göz öňünde janlanýar. Şu manyda medeniýet diýlip, zähmet medeniýetine, özüňi alyp barmagyň medeniýetine, sözleýiş medeniýetine hem düşünilýär ýa-da bolmasa, käbir döwürlere at berlende-de (mysal üçin, marguş medeniýeti, parfiýa medeniýeti, seljuklar döwrüniň medeniýeti we ş.m.) köplenç medeniýet sözi ulanylýar. Bu düşündirişleriň ählisi maddy zatlara-da (suratlar, heýkeller, binalar, kitaplar, enjamlar), ruhy önümlere-de (däp- [...]
Dowamyny oka