Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýaşlaryň hukuk medeniýetini we watançylyk terbiýesini ösdürmäge bagyşlanan duşuşyk geçirildi
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda hukuk düşünjesini ýokarlandyrmak, milli gymmatlyklara hormat goýmak we döwlet ýaşlar syýasatynyň esasy ugurlaryny düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu barada ýokary okuw jaýynyň resmi saýtynda habar berildi.
Duşuşyk Türkmenistanyň Mejlisiniň, Içeri işler ministrliginiň, Döwlet migrasiýa gullugynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň, Bilim ministrliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Müftüler müdiriýetiniň ýolbaşçylarynyň bilelikde tassyklan meýilnamasynyň çäklerinde guraldy.
Çärä uniwersitetiň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşyp, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyndan» gelip çykýan möhüm wezipeler barada pikir alyşdylar. Çykyşlarda ýaşlaryň arasynda kanun bozulmalarynyň we bidüzgün hereketleriň öňüni almak, milli kanunçylygy berjaý etmek, ýol hereketiniň howpsuzlyk kadalaryna eýermek, ýangyn howply ýagdaýlaryň öňüni almak ýaly meseleleriň ähmiýeti nygtaldy.
Duşuşygyň dowamynda ýaşlaryň psihologik goldaw hyzmatlaryna elýeterliligini ýokarlandyrmak, migrasiýa babatda bilimlerini artdyrmak, ýaş nesli watansöýüjilik, ruhy-ahlak gymmatlyklaryna wepalylyk, maşgala mukaddesligine hormat goýmak hem-de halal zähmete söýgi ruhunda terbiýelemek boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň edildi.
Çykyş edenler ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ýokary hilli bilim almak we hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin döredilýän mümkinçiliklere aýratyn üns berdiler. Bu ugurda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda öňe sürlen garaýyşlaryň ýaşlaryň bilim, ylym we hünär taýdan ösüşine möhüm ähmiýet berýändigi bellenildi.
Duşuşykda döwlet tarapyndan ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, hünär taýdan kämilleşmegi we jemgyýetde işjeň orun eýelemegi üçin döredilýän şertleriň netijeleri barada hem aýdyp geçildi. Gatnaşyjylar ýaş nesliň üstünlikleriniň we gazanýan sepgitleriniň binýadynda döredilýän mümkinçilikleriň möhüm orun eýeleýändigini nygtap, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür we döwlet işlerinde üstünlik arzuw etdiler.