COP31-iň çäklerinde Türkmenistanyň Merkezi Aziýanyň Daşky gurşawy we howanyň üýtgemegini öwrenmek boýunça uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplarynyň 31-nji maslahaty (COP31) Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilýär. Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen Merkezi Aziýanyň Daşky gurşawy we howanyň üýtgemegini öwrenmek boýunça uniwersitetiniň (Green University, Özbegistan Respublikasy) rektory, professor Bahtiýor Puladowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ekologiýa bilimi, ýaşyl ykdysadyýet üçin hünärmenleri taýýarlamak, bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen häzirki zaman bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Bilim ministri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň strategik başlangyçlary esasynda ýurtda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler barada gürrüň berdi. Şunda ösüp gelýän ýaş nesilde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, ylmy-bilim kuwwatyny ösdürmek, şeýle hem howanyň durnuklylygy, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we ýaşyl tehnologiýalar babatda häzirki zaman başarnyklaryna eýe bolan ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berildi.
Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagyň COP31 Liderler sammitinde öňe süren Türkmenistanyň täze halkara başlangyçlarynyň aýratyn ähmiýeti bellenildi. Olaryň hatarynda Aşgabat klimat dialogyny döretmek, Howanyň üýtgemeginiň sanly atlasyny işläp taýýarlamak we klimat tehnologiýalaryny hödürlemek boýunça ählumumy hyzmatdaşlygy döretmek ýaly başlangyçlar bar. Şeýle hem Merkezi Aziýada Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň ähmiýeti nygtaldy. Onuň işine 2027-nji ýylda başlamagy meýilleşdirilýär. Bu başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi sebit döwletleriniň arasynda ylmy-bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin goşmaça mümkinçilikleri açýar.
Duşuşykda Türkmenistanyň 2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda COP31-iň çäklerinde Bilim ministri tarapyndan gol çekilen «Çagalar, ýaşlar we klimat hereketleri hakynda» Jarnama goşulandygy hem aýratyn bellenildi. Bu ädim ýurduň ählumumy klimat meselelerini çözmekde bilimiň we ýaşlaryň ornuny pugtalandyrmak boýunça alyp barýan yzygiderli işleriniň aýdyň beýanydyr.
Öz gezeginde professor Bahtiýor Puladow Green University-niň durnukly ösüş, ekologiýa dolandyryşy, ýaşyl ykdysadyýet, aýlawly tehnologiýalar, klimat barlaglary we tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak ugurlarynda ýöriteleşen sebitleýin ylmy-bilim merkezi hökmünde alyp barýan işleri barada maglumat berdi.
Taraplar bilelikdäki bilim maksatnamalaryny guramak, akademiki alyş-çalyşlary ýola goýmak, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, amaly ylmy barlaglary geçirmek we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçiliklerine aýratyn üns berdiler. Geljegi uly ugurlaryň hatarynda suw serişdelerini dolandyrmak, çölleşmä garşy göreşmek, howanyň üýtgemegine gözegçilik etmek, geoinformasion tehnologiýalary ulanmak hem-de ykdysadyýetiň ekologiýa taýdan durnukly ösüşi üçin hünärmenleri taýýarlamak bellenildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar iki ýurduň bilim we ylmy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga hem-de Merkezi Aziýada ekologiýa bilimini, ylmy barlaglary we hünärmenleriň mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmäge özara gyzyklanma bildirdiler.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi