IŇLIS DILI MUGALLYMLARY “C5+O.N.E.” MAKSATNAMASYNYŇ ÇÄGINDE HÜNÄR DEREJESINI KÄMILLEŞDIRÝÄRLER

IŇLIS DILI MUGALLYMLARY “C5+O.N.E.” MAKSATNAMASYNYŇ ÇÄGINDE HÜNÄR DEREJESINI KÄMILLEŞDIRÝÄRLER

Berkarar döwletimizde halkara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy sebitleýin we ählumumy durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, kämil hünärmenleri taýýarlamakda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen daşary ýurt döwletleriniň bilim edaralarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatynda uly işler alnyp barylýar. 2025-nji ýylyň 7-nji iýuly – 4-nji awgusty aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «C5+Opening Networks in English» (C5+ONE) maksatnamasynyň çäklerinde iňlis dilini çuňlaşdyryp öwrenmek boýunça sebitleýin okuw maslahatyna Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdepleriniň iňlis dili mugallymlary işjeň gatnaşýarlar. Okuw maslahatynyň maksady Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistan ýaly bäş Merkezi Aziýa döwletleriniň orta we ýokary okuw mekdepleriniň iňlis dili mugallymlarynyň tejribe-okuw sapaklaryny geçirmekden we iňlis dili sapagyny okatmagyň döwrebap usullary bilen tanyşdyrmakdan hem-de olaryň hünär bilim derejelerini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Bir aýyň dowamynda okuw maslahatyna gatnaşyjylar okuw-usulyý [...]

Dowamyny oka
Çaga terbiýesiniň ähmiýeti

Çaga terbiýesiniň ähmiýeti

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de, Ar­ka­dag şä­he­ri­niň mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry­nyň ter­bi­ýe­çi-mu­gal­lym­la­ry­nyň hü­när de­re­je­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, hü­när us­sat­ly­gy­ny kä­mil­leş­dir­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­ler we äh­li şert­ler dö­re­di­len.Bi­lim öz­gert­me­le­ri­niň has-da iş­jeň­leş­di­ril­me­gi, döw­rüň ta­lap­la­ry­na we hal­ka­ra stan­dart­la­ry­na la­ýyk­lyk­da üp­jün edil­me­gi, pe­da­go­gik iş­gär­le­riň [...]

Dowamyny oka
Çagalar emeli añdan (AI) akylly: synagda görkezilen ýokary netije

Çagalar emeli añdan (AI) akylly: synagda görkezilen ýokary netije

Emeli añ (AI) çalt depginlerde ösýär; BMG-nyň maglumatlaryna görä, 2033-nji ýyla çenli onuň dünýä bazary 4,8 trillion dollara ýetip biler. AI eýýäm ulaglary dolandyrmagy, saz ýazmagy, lukmançylyk barlag netijeleri seljermegi we dialog alyp barmagy başarýar. Emma iň täze barlaglar bu tehnologiýanyň möhüm kemçiliklerini ýüze çykarýar: wizual maglumaty gaýtadan işlemekde emeli añ hatda üç ýaşly çagalardan yza galýar.Templ uniwersitetiniň psihologiýa we neýroylym kafedrasynyň dosenti Wlad Aýzenberg Emori uniwersitetiniň alymlary bilen hyzmatdaşlykda mekdebe çenli ýaşdaky çagalaryñ we öňdebaryjy emeli añ modelleriniň görüş taýdan kabul edişliginiñ deňeşdiriji derñewini geçirdi. Netijeler çagalaryň häzirki zaman kompýuter görüş ulgamlaryndan has ýokary netijelilik görkezýändigini ýüze çykardy. Diňe käbir aýratyn AI modelleri çagalaryň netijelerini geçip bilýär, ýöne munuň üçin olara adamlara görä has uly göwrümli wizual tejribe gerek bolýar.Synaglaryñ çäklerinde 3–5 ýaş aralygyndaky çagalara 100 millisekunt tizlikde görkezilen suratlardaky obýektleri tanamak hödürlendi. Şol bir wagtyñ özünde olaryň ünsüni sowmak üçin dürli sesler bilen [...]

Dowamyny oka
Üçe çenli — aýny wagty!

Üçe çenli — aýny wagty!

MASARU IBUKA (Irki terbiýe bilen bagly 76 maslahat)EGER ÇAGA NÄMEDIR BIR ZAT ÝETMEÝÄN BOLSA, ONDA ŞOL ZADY ALMAGA BOLAN HÖWES DÖREÝÄR1976-njy ýylda Tähranda sowatsyzlyga garşy göreşe bagyşlanan konferensiýa geçirildi. Oňa gatnaşmaga meni hem çagyrdylar. Netijede, hemmeler diňe dünýä inen pursadyndan başlap çagalar bilen iş geçirilip ugralan ýagdaýynda sowatsyzlygy köki-damary bilen aýyrmak mümkin diýen pikire geldiler. Men özümiň mamladygyma ynamym artyp, Ýaponiýa dolanyp geldim. Konferensiýada men «Gürleýän kagyzjyklarym» bilen tanyşdyrdym, bu beýleki ýurtly gatnaşyjylarda örän uly gyzyklanma döretdi.Çagalar muny oýunjak hökmünde kabul edýärler we ony oýnaýan wagtlary tebigy ýagdaýda harplary hem sözleri özleşdirýärler. Çaganyň harplary öwrenmegi üçin ýönekeý gaýtalamak ýeterlik däldir, onuň üçin gyzyklanmagy hem zerur. «Gürleýän kagyzjyklar» — çagalary maýyl edip bilýän enjam, hut şu sebäpli hem konferensiýa gatnaşyjylaryň onda ünsi eglendi.Ähtimal, bu keseden garasaň, reklama ýaly görünýändir, ýöne men başga zat aýtmakçy bolýaryn. Göwnü [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09