TM EN RU
Logo
Türkmenistan bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeldýär: Detroýtdan San-Antonio şäherine çenli
2026-11-20T15:09:54.649802+05:00

Türkmenistan bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeldýär: Detroýtdan San-Antonio şäherine çenli

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan işler netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, öňdebaryjy halkara tejribelerini öwrenmäge we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berilýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekili Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamenti tarapyndan guralýan «Bilim edaralaryny dolandyrmakda strategik hyzmatdaşlyk we liderlik» atly halkara maksatnama gatnaşmagyny dowam etdirdi.

2026-njy ýylyň 16–17-nji noýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Miçigan ştatynda halkara maksatnamanyň Detroýt tapgyrynyň jemleýji çäreleri geçirildi.

Maksatnamanyň çäklerinde Miçigan uniwersitetiniň Dirborn şäherindäki bölümine (University of Michigan–Dearborn) amala aşyrylan iş sapary aýratyn ähmiýete eýe boldy. Inženerçilik we kompýuter ylymlary, emeli aň we maglumatlar ylmy, işewürlik we dolandyryş, pedagogika, saglygy goraýyş, şeýle hem tebigy, jemgyýetçilik we ynsanperwer ylymlar boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan bu uniwersitetiň bilim we ylmy-barlag işleriniň esasy ugurlary bilen tanyşyldy.

Duşuşyklaryň dowamynda ýokary okuw mekdeplerini dolandyrmagyň öňdebaryjy tejribeleri, bilimiň hilini üpjün etmegiň döwrebap çemeleşmeleri, pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň mümkinçilikleri hem-de halkara akademiki hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly ugurlary boýunça özara pikir alşyldy.

Maksatnamanyň çäklerinde Miçigan uniwersitetiniň Dirborn şäherindäki bölümine (University of Michigan–Dearborn) amala aşyrylan iş sapary aýratyn ähmiýete eýe boldy. Saparyň dowamynda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň, bilelikdäki bilim başlangyçlaryny durmuşa geçirmegiň hem-de iňlis dili mugallymlarynyň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyklaryň dowamynda amerikan tarapynyň wekilleri iňlis dilini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge gönükdirilen TESOL maksatnamalary, pedagogik işgärleriň halkara derejesinde ykrar edilýän hünär şahadatnamalaryny almak mümkinçilikleri, bilimiň hiline içerki gözegçilik etmegiň döwrebap usullary hem-de okuw maksatnamalaryny akkreditasiýadan geçirmegiň tertibi barada giňişleýin maglumat berdiler. Şeýle hem bilim işine sanly tehnologiýalary we emeli aňyň mümkinçiliklerini jogapkärçilikli ornaşdyrmak, akademiki halallyk ýörelgelerini berjaý etmek, bilim alýanlaryň bilim we başarnyklaryna baha bermegiň usullaryny kämilleşdirmek meseleleri boýunça özara pikir alşyldy.

Duşuşyklaryň dowamynda öwrenilen öňdebaryjy tejribeler «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek, pedagogik işgärleriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak hem-de bilimiň hilini üpjün etmegiň milli ulgamyny has-da kämilleşdirmek babatda möhüm ähmiýete eýedir.

Miçigan ştatynda geçirilen duşuşyklar özara tejribe alyşmaga, akademiki gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de bilim ulgamynda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga ýardam berdi.

Halkara maksatnama Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Tehas ştatynyň San-Antonio şäherinde dowam etdirildi. Bu ýerde Detroýt şäherindäki çärelere gatnaşan wekiller Baltimor şäherinde şuňa meňzeş maksatnama gatnaşan bilim ulgamynyň hünärmenleri bilen birleşdiler. Şeýlelikde, maksatnamanyň nobatdaky tapgyry dünýäniň 20 döwletinden 27 wekili bir ýere jemläp, köptaraplaýyn tejribe alyşmak, hünär gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hem-de halkara bilim hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin giň mümkinçilikleri döretdi.