Zehin zehinden zyýada
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 31 ýyllyk baýramy mynasybetli Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly breýn-ring bäsleşigi geçirilýär. Bu intellektual ýaryş Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ählumumy abadançylygy gazanmak ugrundaky beýik işlerini, öňe sürýän oňyn başlangyçlaryny hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň halkara giňişlikdäki möhüm ornuny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmäge gönükdirilendir. Şeýle hem bäsleşik halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyksöýüjilik we ynsanperwerlik däplerinden gözbaş alýan hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýetini açyp görkezmäge, zehinli talyplary ýüze çykarmaga hem-de ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky bilim gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge ýardam berýär.
Bu bäsleşik 2026-njy ýylyň 1-nji noýabryndan 1-nji dekabry aralygynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň binalar toplumynda özboluşly bilim synagy hökmünde ýaýbaňlanýar. Oňa her ýokary okuw mekdebinden 6 sany esasy, 2 sany ätiýaçdaky talyplardan hem-de jogapkär mugallymdan ybarat toparlar gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Bäsleşik türkmen dilinde sorag-jogap görnüşinde geçirilip, onda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri esasynda düzülen soraglar bilen bir hatarda umumy we logiki sowallar hem berilýär.
Ýaryşyň dowamynda alyp baryjynyň beren her bir soragyna jogap bermek üçin toparlara 1 minut wagt bellenilýär, emin agzalarynyň kararlary esasynda bolsa ýeňijiler Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň eminler topary tarapyndan kesgitlenýär. Bäsleşigiň ahyrynda I, II we III orunlara mynasyp bolan ýeňijilere degişli diplomlar we hemaýatkärleriň sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylar.