Bilim – kämilligiň berk binýady
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ägirt uly işleriniň hatarynda ylym-bilim özgertmeleri aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ulgamda amala aşyrylýan beýik işler, ägirt uly özgertmeler röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň giň dünýägaraýyşly, ösen tehnologiýalardan ezberlik bilen baş çykarýan kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir.Ylymdyr bilimiň durmuşymyzdaky wajyp ornuna uly ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiz ýaş nesillerimiziň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny netijeli ulanyp bilmekleriniň derwaýysdygyny nygtap, möhüm wezipeleri öňe sürýär. Ýaşlara ylym we bilim, edep-terbiýe bermekde pederlerimizden miras galan el işlerimizi, dürli hünärleri öwretmäge, milliligimize, däp-dessurlarymyza hormaty, sarpany, söýgini terbiýelemäge gönükdirilen ajaýyp şertleri, giň mümkinçilikleri döredip berýär.Ýurdumyzda ýaşlaryň kämil ylym, bilim almagyny üpjün etmek ugrundaky netijeli işler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem batly depginler bilen alnyp barylýar. Muňa ýakynda hormatly Prezidentimiziň [...]
Dowamyny oka