Ýeňişlerden ýeňişlere.

Ýeňişlerden ýeňişlere.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli 2024-nji ýylyň 12-nji martynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan edilen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy: döwrebap hünärmenleri taýýarlamakda okuw we hünär tejribeliginiňň orny” atly okuw-usuly maslahaty, edebi döredijilik işleriniň bäsleşigi hem-de taslama işleriniň sergisi geçirildi.Bäsleşige edebi-döredijilik işleri bilen B.Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk  mekdebimizden 211-nji toparyň talyby Ismailowa Jemile, 106-njy toparyň talyby Mahmudowa Altynjemal, 207-nji toparyň talyby Kakaýewa Sahypjemal gatnaşdylar. Edebi-döredijilik işleriniň bäsleşiginde orta hünär okuw mekdepleri boýunça biziň mekdebimiziň 211-nji toparynyň  talyby Jemile Ismailowanyň “Bagtly nesillere nusgalyk Peder...” atly liriki oýlanmasy tapawutlanan işlerň sanawyna girdi. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan Minnetdarlyk haty bilen sylaglandy.Jeren MuradowaBeki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylykmekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy [...]

Dowamyny oka
“Halk Maslahaty - türkmen demokratiýasynyň ajaýyp nusgasydyr” atly wagyz-nesihat çäresi

“Halk Maslahaty - türkmen demokratiýasynyň ajaýyp nusgasydyr” atly wagyz-nesihat çäresi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylgynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynyň many-mazmunyny talyp ýaşlara düşündirmek boýunça ýakynda  Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň dabaralar eýwanynda “Halk Maslahaty - türkmen demokratiýasynyň ajaýyp nusgasydyr” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary we bagtyýar talyp ýaşlary gatnaşdylar.Wagyz-nesihat duşuşygynda Mugallymçylyk mekdebiniň taryh mugallymlary Saparbaý Jumaýew, Alişer Şihnazarow hem-de mekdebiň Ýaşlar guramasynyň başlygy, geografiýa mugallymy Sylap Atabaýew dagylar çykyş etdiler. Çykyşlarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde goýlan wezipelerinden  we maksatlaryndan gelip çykýan aýratynlyklar barada aýdylyp, ykdysady, senagat, önümçilik, söwda, hyzmatlar, öňdebaryjy tehnologiýalar we durmuş häsiýetli maksatlar barada belläp geçdiler. Sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, döwlete dahylsyz bölegi ösdürmek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň esasy maksatlarynyň hatarynda görülýändigi barada aýtdylar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütleriň, berlen tabşyryklaryň, [...]

Dowamyny oka
Bilimli ýaşlar — ýurduň geljegi

Bilimli ýaşlar — ýurduň geljegi

Adamzat jemgyýetiniň ösüşi ylym-bilim bilen özara baglanyşyklydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ylym we bilim döwletimiziň güýç-kuwwatyny hem-de mümkinçiliklerini artdyrýan esasy serişde, jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýjüdir. Döwlet Baştutanymyz Arkadagly Gahryman Srdarymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki zaman dünýäsi ylmy esasda ösdürilýär. Ylym-bilim pudagynyň işini kämilleşdirmek, bu işi häzirki zamanyň talaplary esasynda ýola goýmak bilen baglanyşykly guramaçylyk, hukuk, kanunçylyk çäreleriniň uly tapgyry amala aşyrylýar.Häzirki wagtda döwrüň ösen innowasion tehnologiýasyna, öňdebaryjy okuw maksatnamalaryna daýanýan sanly bilim ulgamyny döretmekdäki baş maksat eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara ýokary hilli bilim berip, olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleridir. Ýaşlaryň bilim derejesini kämilleşdirmegiň esasy şerti bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi bolup durýar. Hut şu möhüm wezipeden ugur alnyp, ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň ähli basgançaklary zerur okuw şertleri, tehnologiýalar ulgamy bilen üpjün edilýär.Ýurdumyzda ýaşlaryň kämil ylym, bilim almagyny üpjün etmek ugrundaky netijeli işler «Pä [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09