Okuwçylarda zähmete bolan hormaty artdyrmak
Okadýan her sapagymyzyň täsirli we gyzykly geçmegi üçin okuwçylaryň işjeňligini gazanmak gerek. Munuň üçin her bir tema öňünden taýýarlyk görýäris. Okuwçylar bilen sowal-jogaplary alyşmak üçin barlagnamalary hem taýýarlaýarys. Öýe ýumuş hökmünde okuwçylaryň berlen tema bilen bagly täze maglumatlary jemlemeklerini tabşyrýarys.Türkmenistanyň taryhy dersinden 5-nji synplarda «Çörek — ähli zadyň seresi» diýen tema boýunça sapagy has hem täsirli guramaga çalyşdyk. Topragyň, ýer-suwuň halkymyzyň esasy baýlygydygy, ata-babalarymyzyň gadymy döwürlerden bäri ýerden oňat hasyl alandyklary barada maglumat berýäris. Türkmenistanyň çäkleriniň dünýäde iň gadymy ekerançylyk ojaklarynyň biri bolandygyny we Köpetdagyň eteklerinde aýry-aýry ekerançylyk ýerleriniň bardygyny aýdýarys. Adamlar ýere bugdaý, arpa, künji, dary, mekgejöwen ýaly dänelik ekinleri ekipdirler. Ýurdumyzda ýerleşen Änewiň ak bugdaýyň mekany hasaplanylýandygy hakynda aýdyp, pederlerimiziň gadymy döwürlerde hem guşgursak dänäniň bol hasylyny almagy başarandyklary baradaky maglumatlary multimedia tagtasynda birnäçe surat şekilleriniň üsti bilen delillendirýäris. Änewden tapylan bugdaýyň görnüşleriniň ak [...]
Dowamyny oka