TM EN RU
Logo
 Geljek nesil üçin klimat: Antalýa sapaklary we Türkmenistanyň strategiýasy
2026-11-18T15:13:23.583000+05:00

Geljek nesil üçin klimat: Antalýa sapaklary we Türkmenistanyň strategiýasy

Şu ýyl Türkmenistanda çagalar bagyna gatnap başlan çaga takmynan 2040-njy ýylda zähmet ýoluna başlar. Şu gün kabul edilýän klimat borçnamalaryny ýerine ýetirjek adamlar häzir mekdep partasynda bilim alýarlar.

Ululary, köplenç, geljekde bolup biljek klimat betbagtçylygynyň howpy bilen gorkuzýarlar, olary «ýaşyl rewolýusiýa» çagyryşlary bilen howlukdyrýarlar, bu özgertmeleriň netijeliligini bolsa megawattlar we tonnalar bilen ölçýärler. Türkmenistanda bolsa başga bir ugra — adamyň tebigata bolan garaýşynyň kem-kemden kämilleşmegine, kiçi, ýöne örän möhüm ädimlerden, ýagny kiçijik adamyň, çaganyň aň-düşünjesini kemala getirmekden başlamaga aýratyn ähmiýet berilýär. Gün panelini birnäçe günüň dowamynda gurnamak mümkin, emma suwy tygşytlamak, klimat maglumatlaryny okamak we şahsy jogapkärçiligi duýmak endigini «bir gezek basmak» bilen kemala getirmek mümkin däl. Bu endikler ýyllaryň dowamynda emele gelýär.

Türkmenistan üçin, Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryndaky ýaly, klimat meselesi diňe halkara meýdançalarda köplenç ara alnyp maslahatlaşylýan energetika we suw balansy bilen çäklenmeýär. Ol şol bir wagtyň özünde ahlak we ruhy gymmatlyklaryň mekdebidir. Şundan hem esasy ýörelge gelip çykýar: ýaşyl pikirlenme aýratyn bir gurnagyň ýa-da bir gezeklik çäräniň çäginde galman, bütin bilim ulgamynyň içinden eriş-argaç bolup geçmelidir.

Bu garaýyşlar BMG-niň COP-31 klimat konferensiýasynda, Antalýada, aýratyn aýdyň beýan edildi. Şonda Merkezi Aziýa ýurtlary diňe bir geografik sebit hökmünde däl-de, eýsem ekologik kynçylyklaryň öňünde bitewi güýç hökmünde çykyş etdiler.

Merkezi Aziýa döwletleri sammite serhetüsti suw durnuklylygy, klimat sebäpli ýüze çykýan ýitgileri we zyýany bahalandyrmak boýunça başlangyçlar, şeýle hem tehnologik integrasiýa we senagatda ekologik standartlary ýakynlaşdyrmak boýunça taslamalary öz içine alýan umumy gün tertibini getirdiler.

Şeýle giň gerimli halkara wakanyň çäklerinde Türkmenistan anyk garaýyş bilen çykyş edip, «Gök zolakda» öz Milli pawilionyny açdy. Ol ösüp barýan döwletleriň, şol sanda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň merkezine öwrüldi.

COP-31 maslahatynda türkmen wekiliýetiniň üns merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ozal öňe sürlen strategik ugurlar boldy. Milli strategiýa Merkezi Aziýanyň ekologik howpsuzlygynyň bölünmezligi baradaky çuňňur düşünjä esaslanýar. Sebäbi serhetüsti derýalar, ereýän buzluklar we umumy howa giňişligi administratiw serhetleri ykrar etmeýär.

Forumyň çäklerinde Türkmenistan tutuş makrosebit üçin tehnologik merkez bolup hyzmat etmegi maksat edinýän Merkezi Aziýa üçin Klimat tehnologiýalary boýunça Sebitleýin merkezi döretmek başlangyjyny hödürledi.

Şol bir wagtyň özünde Aşgabat başdan güýçli ynsanperwerlik ugruny hem öňe sürdi. Sebäbi serhetleriň iki tarapynda-da geljekki inženerler, agronomlar we dolandyryjylar ulgamlaýyn ekologik sowatlylyga eýe bolmasalar, sebitleýin innowasiýalar, ýörite tehnologiýalaryň geçirilmegi we gurakçylyga ýa-da ýerleriň zaýalanmagyna uýgunlaşmak boýunça taslamalar diňe kagyz ýüzünde galar.

Şeýlelikde, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tehnologik hyzmatdaşlygy bitewi bilim giňişligini kemala getirmek bilen öz logiki dowamyny tapdy. Bu pikir deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlar üçin Awaza Hereketler maksatnamasynyň ruhy bilen sazlaşýar. Ol dünýä jemgyýetçiligine geografik taýdan ummana çykalganyň bolmazlygynyň berk içerki gatnaşyklary we adam kapitalyny ösdürmek arkaly ýeňip geçilýändigini ýatladýar.

COP-31-iň dowamynda türkmen wekiliýeti sammitiň dürli çekişme sessiýalaryna işjeň gatnaşdy. Emma biziň pikirimizçe, ynsanperwerlik meseleleriniň iň möhüm pursady «Jemgyýetçilik guramalary we klimat çözgütleri: ýerli başlangyçlardan ählumumy hereketlere çenli» atly bäşinji tematiki sessiýa boldy.

Hut şu ýerde, raýat jemgyýetçiligi bilen döwlet syýasatynyň çatrygynda, Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew maksatnamalaýyn çykyş etdi.

Bilim ministriniň orunbasarynyň belleýşi ýaly, aň-düşünjäniň üýtgemegi yzygiderli, ädimme-ädim amala aşyýar. Ilki bilen adamda alada we tebigata bolan söýgi duýgusy döreýär, soňra düşünje kemala gelýär, ondan soň tejribe arkaly synagdan geçirilýär, soňra bolsa adam aňly-düşünjeli hereket edip, belli bir hünäri özleşdirýär. Çykyş edijiniň aýratyn nygtaýşy ýaly, terbiýäniň her bir basgançagyna ýurtda anyk wezipe — ekologik medeniýeti kemala getirmek wezipesi berkidilendir.

Türkmenistanda ilkinji ädim — alada duýgusy çagalar bagyndan başlanýar. 2025–2026-njy okuw ýylyndan başlap, bu ýerde UNICEF bilen bilelikde taýýarlanan howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça täze maksatnamalar we okuw gollanmalary ulanylýar. Olaryň kömegi bilen çagalar oýun arkaly tebigata çyn ýürekden hormat goýmagy öwrenýärler.

Düşünje diýlip atlandyrylýan indiki tapgyr eýýäm mekdepde kemala gelýär. Bu ýerde klimat temasy hereket edýän okuw derslerine ornaşdyrylyp, tebigat, ykdysadyýet we tehnologiýalar özara baglanyşdyrylýar. Şu maksat bilen halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde Türkmenistanda müňlerçe usuly gollanmalar ýaýradyldy we «Klimat gutusy» okuw toplumy ornaşdyryldy.

Indiki ädim — tejribe «Ýaşyl mekdep» taslamasynda başlanýar. Bu ýerde tutuş okuw mekdebiniň özi sapaga öwrülýär. Synag görnüşinde işe girizilen maksatnama häzirki wagtda Türkmenistanyň 120 mekdebini öz içine alýar we 2030-njy ýyla çenli bu görkezijini 500 mekdebe ýetirmek maksat edinilýär. Munuň aýdyň mysaly Mary şäheriniň 36-njy mekdebidir. Bu ýerde gün elektrik stansiýasynyň maglumatlary amaly sapaklarda gönüden-göni ulanylýar.

Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew bäşinji sessiýada eden çykyşynda aňly-düşünjeli hereketler tapgyrynda ýaş türkmenistanlylaryň «Ýaşyl başarnyklar» bäsleşigindäki taslamalar, COP-31 üçin ýaşlaryň Milli beýannamasyny taýýarlamak we ony YOUNGO toparyna ýetirmek, şeýle hem ýaş wekilleriň Türkmenistanyň pawilionynda gönüden-göni gatnaşmagy arkaly işjeň çykyş edýändiklerini nygtady.

Çykyş ediji hünär ulgamynda ekologik düşünjeliligiň doly hukukly hünäre öwrülýändigine hem ünsi çekdi. Hususan-da, Türkmenistanda hökmany ekologik okuw kursy girizilen 18 sany tehniki orta hünär okuw mekdebi hereket edýär. Degişli ugurly ýokary okuw mekdeplerinde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we energetika menejmenti öwredilýär. Wodorod energetikasy merkezi döredildi, «Geljegiň hünärleriniň atlasy» bolsa geljekde isleg bildiriljek 13 sany ýaşyl hünäri kesgitleýär. Ekologik bilim boýunça ÝUNESKO kafedrasy we tälimçileri taýýarlamak boýunça täze maksatnamalar mugallymlar üçin bu işiň üznüksizligini üpjün edýär.

Azat Ataýewiň pikirine görä, bu berk baglanyşyk onuň bir ujunyň Pariž ylalaşygy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri baradaky kanunlar we milli strategiýalar arkaly döwlete, beýleki ujunyň bolsa hakyky ykdysadyýete we iş berijileriň isleglerine berkidilmegi netijesinde saklanýar. Hut şu islegler Aziýa ösüş banky bilen bilelikde işlenip taýýarlanylýan Ýol kartasynyň çäklerinde hünärmenleri taýýarlamak boýunça döwlet sargydyny kemala getirýär.

Mundan başga-da, 11-nji noýabrda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen giň gerimli başlangyçlar bilim ulgamynda öz gönüden-göni beýanyny tapýar we sebitleýin gün tertibini ösdürmäge hyzmat edýär. Mysal üçin, Klimat durnuklylygy onýyllygy üçin howpsuz mekdepleri we her bir çaga üçin bilimi üpjün etmek, Sanly atlas üçin mekdep gözegçilikleriniň maglumatlaryny geçirmek, Tehnologiýalar boýunça Sebitleýin merkez üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň uniwersitetleriniň bitewi okuw ulgamyny we amaly barlaglar üçin binýady döretmek, Halkara ekologik kodeksi üçin bolsa ähli ýerde klimat sowatlylygyny ösdürmek teklip edilýär.

Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew 11-nji noýabrda Antalýada Çagalar, ýaşlar we klimat hereketleri baradaky Deklarasiýa gol çekdi. Bu resminama Merkezi Aziýa döwletleriniň Ýaşlar dialogynyň we öňde boljak Aşgabat klimat dialogynyň çäklerinde tagallalary birleşdirmek arkaly täze nesle giň mümkinçilik döretmäge bolan ymtylyşy berkitdi.

Şu ýagdaýda Türkmenistanda we Merkezi Aziýada klimat baradaky çekişmeleriň haýsy ugra gönükýändigi has aýdyň görünýär: umumy beýannamalardan anyk mehanizmlere, maliýeleşdiriş çeşmelerini gözlemekden we tehnologik merkezleri döretmekden başlap, adamlar bilen yzygiderli we sabyrly işlemäge çenli. Dünýäde senagat zolaklaryndaky zyňyndylaryň tonnalary barada jedelleşilýän wagtynda, bu ýerde bir hakykat ýatlanylýar: taýýarlykly adamlar we daşky gurşawa bolan janly, aňly-düşünjeli garaýyş bolmasa, hiç bir tehnologik merkez we serhetüsti ylalaşyk netijeli işlemez.

Sebäbi klimat syýasaty diňe maksatlary kesgitleýär, bilim şol maksatlara ýetjek adamlary taýýarlaýar, hakyky ýaşyl geçiş bolsa islendik geografik serhet bilen çäklendirip bolmaýan ynsan aňyndan başlanýar.

Türkmenistanda şu ýyl çagalar bagyna gatnap başlan, mekdepde we ýokary okuw mekdeplerinde bilimini dowam etdirýän ýaş nesil bilen alnyp barylýan işleriň esasy mazmuny hem hut şundan ybaratdyr. Çünki şu gün ulularyň diňe ýakyn geljek üçin däl, eýsem uzak möhletleýin geljek üçin kabul edýän klimat borçnamalaryny hut şol ýaşlar ýerine ýetirerler.