TM EN RU
Logo
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde ösüşiň strategik ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-11-19T09:24:37.399500+05:00

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde ösüşiň strategik ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 18-nji noýabrda geçirilen mejlisinde ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we durmuş taýdan ösüşiniň möhüm ugurlary boýunça alnyp barylýan işler hem-de geljek döwür üçin ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlis Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň netijelerinden gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň senagatlaşma strategiýasyny amala aşyrmak, bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaşlar syýasatyny ösdürmek hem-de ahalteke bedewleriniň döwlet goragyny üpjün etmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Halk Maslahatynyň soňky mejlisiniň ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyry üçin möhüm ugurlary kesgitländigini belläp, Garaşsyzlygyň 35 ýyllygynyň ýokary derejede bellenilendigini, bu şanly senäniň çäklerinde iri jemgyýetçilik, medeni we döwlet ähmiýetli çäreleriň geçirilendigini nygtady.

Mejlisiň esasy ugurlarynyň biri Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny ösdürmek bilen baglanyşykly boldy. «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» Milli Konsepsiýasy esasynda halkara hukugyň kadalaryny pugtalandyrmak, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek boýunça çäreleriň meýilnamasy taýýarlanýar. Hususan-da, 2028-nji ýylda geçiriljek Halkara hukuk ýylyna taýýarlyk görmek boýunça halkara, ylmy-bilim we maglumat-ündew çärelerini öz içine alýan milli meýilnama işlenip taýýarlanyldy.

Ykdysady ösüş meselelerine bagyşlanan çykyşlarda Türkmenistanyň senagat taýdan ösdürmegiň 2030–2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi. Resminamada täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek, ýokary tehnologiýaly önümçiligi giňeltmek, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak we täze iş orunlaryny döretmek boýunça möhüm maksatlar kesgitlenýär.

Strategiýanyň çäklerinde ýurdumyzyň welaýatlarynda dürli ugurlardaky önümçilikleri ösdürmek, şol sanda himiýa, energetika, gurluşyk serişdeleri, gazhimiýa, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek we beýleki pudaklarda täze taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

Bilim we ýaşlar syýasaty boýunça täze başlangyçlara hem garaldy. «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» ýaşlaryň bilim, ylym, innowasiýa we halkara hyzmatdaşlyk ugurlarynda mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir. Resminamada ýaşlar üçin startap merkezlerini döretmek, halkara ylym-bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýaly ugurlar möhüm wezipeleriň hatarynda görkezilýär.

Mejlisiň dowamynda ahalteke bedewleriniň milli mirasdaky ornuna hem aýratyn üns berildi. «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen bu ugurdaky döwlet syýasatynyň hukuk binýady has-da berkidildi. Şeýle hem türkmen bedewleriniň halkara derejesinde wagyz edilmegine gönükdirilen çäreleriň ähmiýeti bellenildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi ýurdumyzyň geljekki ösüş ugurlaryny kesgitlemekde möhüm tapgyr bolup, ykdysady kuwwaty artdyrmak, halkara abraýyny pugtalandyrmak, ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek we milli gymmatlyklary gorap saklamak boýunça öňde goýlan wezipeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegine gönükdirildi.