Mekdebimiziň umumyýaşaýyş jaýynda “Matematika ylymlaryň şasy” ady bilen bäsleşik geçirildi.

Mekdebimiziň umumyýaşaýyş jaýynda “Matematika ylymlaryň şasy” ady bilen bäsleşik geçirildi.

Maglumatlaryň çalt depginler bilen ösýän döwründe adama diňe bir bilimleriň, başarnyklaryň we endikleriň kesgitli jemini almakdan başga-da, durmuşyň täze şertlerine uýgunlaşmak, dürli ýagdaýlarda ugur tapmak, ýüze çykýan meseleleri seljermek, çözmegiň ýollaryny tapmak, öz öňüňde maksatlary goýup, olara ýetmek, maglumatlary almak we olary peýdalanmak başarnyklaryny ösdürmek üçin matematika hepdeliginiň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde talyplaryň zehinlerini synamak, artdyrmak maksady bilen Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň umumy ýaşaýyş jaýynda bäsleşik geçirildi. Bäsleşigi Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramy mynasybetli mekdebimiziň matematika mugallymlary Sona Kurbanowa we Güljemal Omarowanyň gurnamagynda 2024-nji ýylyň 3-nji  aprelinde “Matematika ylymlaryň şasy” ady bilen geçirildi.Bu geçirilen bäsleşigiň şertine laýyklykda mekdebimiziň 1-2-nji ýyllyk talyplaryndan düzülen “Kesim” we “Şöhle” toparlary öz aralarynda bäsleşdiler. Bäsleşigiň netijesi boýunça berlen soraglara dogry we dürs jogaplary berip, “Şöhle” topary ýeňiji boldy.Bäsleşigiň ahyrynda oňa baha berýän eminler topary talyplaryň geljekde kämil hü [...]

Dowamyny oka
Beki Seýtakow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde matematika hepdeligi başlandy!

Beki Seýtakow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde matematika hepdeligi başlandy!

01.04.2024ý.-den, 06.04.2024ý.-y aralygynda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde “Matematika” bagyşlanan matematika hepdesi geçirilýär.Bu hepdäniň dowamynda köp gyzykly we tolgundyryjy wakalara duşarsyňyz:Olimpiadalar: Bilimleriňizi barlaň we dürli ýaş toparlary üçin Matematika olimpiadalarynda beýleki talyplar bilen bäsleşiň.Bäsleşikler: Döredijiligiňizi görkeziň we matematiki meseleler, krosswordlar we beýleki meseleler boýunça ýaryşlara gatnaşyň.Leksiýalar: Meşhur matematikleriň leksiýalaryny diňläň we halaýan mowzugyňyz barada köp zat öwreniň.Görkezme sapaklary: Görkezme sapaklaryna gatnaşyň we matematiki meseleleri çözmegiň täze usullaryny öwreniň.Interaktiw oýunlar: Matematika oýunlaryny oýnamak bilen wagtyňyzy gyzykly geçiriň.Matematika hepdeligi bu:Gowy pursat:Geçilen materialy gözden geçiriň.Täze zatlar öwreniň.Matematika endikleriňizi ösdüriň.Gyzykly adamlar bilen tanyşyň.Täze dost tapyň.Talyplary, mugallymlary “Matematika” hepdeligine gatnaşmaga çagyrýarys!Şamyrat Atjanow Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň matematika mugallymy. [...]

Dowamyny oka
Zehin bäsleşigi geçirildi

Zehin bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan, watansöýüji, dünýä dillerini suwara bilýän ilhalar ýaşlar kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýudumyzyň her bir bilim ojagynda bolşy ýaly, biziň Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimizde hem talyplaryň döwrebap bilim almaklary, olaryň ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin gerekli bolan ähli şertler döredilip berilýär. Döredilip berilýän amatly şertlerden ýerlikli peýdalanyp Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimiziň matematika mugallymlary Sona Kurbanowa we Güljemal Omarowanyň gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramy mynasybetli 2024-nji ýylyň 28-nji martynda “Zehin bäsleşigi” ady bilen gyzykly we çekeleşikli bäsleşik geçirildi. Bäsleşige 3-nji ýyl talyplaryndan düzülen iki topar gatnaşdylar. Toparlar matematika dersine degişli çylşyrymly meselelere we logiki soraglara jogap bermek arkaly bäsleşdiler. Bäsleşikde iki topardan gatnaşan talyplar deň ballara eýe boldular. Çekeleş [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09