Salamlaşmak edebiniň şertleri

Salamlaşmak edebiniň şertleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz uly ösüşlere eýe bolýar. Şonuň bilen birlikde gadymy hem müdimi däp-dessurlarymyza  giň ýol açyldy. Hiç wagt öz gymmatyny gaçyrmajak, durmuş ýörelgesinden aýrylmajak däpleriň biri hem salamlaşmakdyr. Bu däp gadymy döwürde nähili bolduka? Salamlaşmagyň edebi nähilikä?Gadymy döwürlerde adamlar bir-birleri bilen hereketleriň, yşaratlaryň üsti bilen salamlaşypdyrlar. Gadymyýetde kiçi ýaşly çagalar uly ýaşlylara salam berenlerinde, hormat bilen baş egipdirler. Hindilerde bolsa salamlaşylanda, ellerini iki aýasyna bir-biriniň üstünde goýup, soňra hem maňlaýynyň deňine ýetiripdirler. Döwlet dilimiz bolan türkmen dilinde ulanylýan “Salam” sözi birek-birege bolan hormatyň, sarpanyň nyşanydyr. Sözüň gelip çykyşy arap dilindäki “Selime” sözi bilen baglanşyklydyr. Erkek kişiler “Essalawmaleýkim” diýip ýüzlenende aýal maşgalalar “Salamälik” diýseler dogry hasaplanýar.“Essalawmaleýkim” arap sözi bolup, “Size saglyk, parahatlyk isleýän” diýmegi aňladýar. Her bir edepli-ekramly ynsan salam bermegiň we almagyň kadalaryny dogry [...]

Dowamyny oka
Bitaraplyk baýramy - parahatçylygyň milli ýörelgesi

Bitaraplyk baýramy - parahatçylygyň milli ýörelgesi

Her ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistan Bitaraplyk Baýramyny giňden belleýär. Bu sene, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň resmi taýdan ykrar edilen güni hökmünde bellenilýär. Bu baýram ýurduň parahatçylyk we durnuklylyk ýörelgelerine ygrarlylygyny, halkara gatnaşyklarynda özara hormat we hyzmatdaşlyga esaslanýandygyny ýatladýan aýratyn bir baýramdyr. Türkmenistan Bitaraplyk syýasatyny diňe bir parahatçylyk we durnuklylyk üçin esas hökmünde ulanyp galman, ony täze halkara taslamalary bilen has-da berkitmäge çalyşýar. Häzirki wagtda Türkmenistan halkara jemgyýetçiliginiň öňünde energiýa howpsuzlygy, daşky gurşawyň goraglylygy, we ulag geçelgelerini ösdürmek ýaly möhüm ugurlarda täze başlangyçlary öňe sürýär. Türkmenistanyň täze teklipleriniň biri – Merkezi Aziýany Ýewropa bilen birleşdirýän energiýa we ulag geçelgeleriniň ösdürilmegini tizleşdirmek. Bu taslama diňe bir ykdysady ösüşe itergi bermek bilen çäklenmän, dürli ýurtlaryň özara hyzmatdaşlygyny we parahatçylykly gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen. Bu başlangyçlar Türkmenistanyň diňe bir sebitleý [...]

Dowamyny oka
Limon: saglyga peýdaly, gadymy miwe

Limon: saglyga peýdaly, gadymy miwe

Limonyň asyl watany Hindistan hasaplanyp, käbir ýurtlarda “hindi almasy” diýlip atlandyrylýar. Bu miwe adamzat tarapyndan üç müň ýyl mundan ozal saglyga peýdalydygy üçin ulanylypdyr. Gadymy Müsürde limon şiresi sarymsak bilen garylyp, bedeniň güýjüni artdyrmak, immuniteti güýçlendirmek we zeperlenmeden goramak üçin içilipdir. Grekler limona “altyn alma” diýip, uzak ýaşamaga we saglyk saklamaga kömek edýändigine ynanypdyrlar. Limon XI asyrda Hytaýda dermanlyk maksatly ulanylyp başlanypdyr. C witamini köpdügi üçin limon garamükür keseliniň öňüni almakda peýdalanylypdyr. Şeýle hem limon immuniteti güýçlendirýär, agyr kesellerden goramakda we işe ukyplylygy artdyrmakda peýdaly. Limonly çaý üsgülewügi bejermekde, şeýle hem irden açkarnyna limonly suw içmek horlanmak isleýänlere maslahat berilýär. Häzirki wagtda dünýäde limon öndürmekde Hindistan we Meksika öňdeligi saklaýar. Limon agajy 30-40 ýyl ömür sürüp, her ýylda 300-e golaý miwe berýär. Mähri OrazowaBeki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.Salgy : https://ahal.info [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09