Ýaşlar — ýurduñ geljegi

Ýaşlar — ýurduñ geljegi

Eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň döwrümiziň barha ösýän talaplaryna laýyk bilim almagyny, dürli hünärleri öwrenmegini, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagyny, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegini gazanmak, ahlak we beden taýdan kämil ýaşlary kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasyny düzýär. Ýaşlaryň jemgyýetiň we döwletiň ykdysady, syýasy hem medeni durmuşyna ynamly gatnaşmagyna, hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleriň döredilmegine, ylmyň hem tehnologiýalaryň ýokary depginler bilen ösýän döwründe aň-bilim mümkinçilikleriniň, akyl-ukyplylyk döredijiliginiň ýokarlandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Alnyp barylýan giň möçberli çäreler ýaşlaryň kalbyna merdana ata-babalarymyzyň Watanymyza we halkymyza wepalylyk, milli ruhy-ahlaklylyk, zähmetsöýerlik, erjellik, maksada okgunlylyk, sagdynlyk, raýatlyk borjuňy berjaý etmek däplerini ornaşdyrmagyny maksat edinýär.Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy hem munuň şeýledigini aýdyň subut etdi. Gurultaýda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň jemgyýetdäki orunlaryny has-da berkitmek maksady bilen, «Ýaşlar [...]

Dowamyny oka
Psihologiýa ylmynyň kemala gelmegi.

Psihologiýa ylmynyň kemala gelmegi.

Psihologiýa adalgasy. Islendik ylym özüniň öwrenýän ders hadysalary, olary derňemek usullary bilen tapawutlanýar. Psihologiýa – bu babatda beýleki ylymlardan düýpli özboluşlylyk mahsusdyr. Takyk bilim düşünjeleriniň ulgamy mazmunynda ol diňe ýörite meşgullananlara mälim bolup, durmuş hadysalary hökmünde bolsa, her kime tanyşdyr. Biziň ata-babalarymyz paýhasy adamyň bedenine salnan, görýän, eşidýän, syzýan zatlarymyzy seljeriji başga bir gurluş häsiýetde düşündiripdirler. Pelsepe jähtden paýhasyň tebigatyny we ýüze çykyşyny düşündirýän materialistik we idealistik garaýyşlar bardyr.Idealistik garaýşyň nukdaýyndan dünýäniň maddy we nusga-ideal goşa başlangyjy bolup, nusga häsiýet barlygyň görnüş, keşp tarapynyň onuň maddy, mazmun tarapyny kesgitleýji orunda bolýar. Bu garaýyşlaryň aýrybaşgalygy pelsepäniň akyl ýetiriş nazaryýetiniň mazmunynda has äşgär ýüze çykýar: adam barlyga akyl ýetirmekde zatdan pikir, aňyýete geçýärmi ýa-da tersine-ilki aňdaky belli bir mazmunyň esasynda onuň maddy mazmunyny tapýarmy? Bu sowala ol ýa-da beýleki jogap bilen degişlilikde iki dünýägaraýşyň [...]

Dowamyny oka
Internetiň ilkinji gözleg motory “Archie” dolanyp geldi

Internetiň ilkinji gözleg motory “Archie” dolanyp geldi

Internetiň ilkinji gözleg motory Archie yzyna gaýdyp geldi. “The Serial Port” atly bir YouTube kanaly ilkinji gözleg motory Archie-niň iň soňky nusgasyny tapmagy başardy. Olar diňe soňky nusgasyny tapmak bilen çäklenmän, gözleg motoryny onlaýn (archie.serialport.org) ýagdaýa getirdiler. Bu gural häzirki wagtda onlarça ýyl ozal bar bolan köp sanly serwer bilen deňeşdirilende diňe bir serweri ýerleşdirýär, ýöne ulanyjylar näbelli FTP saýtlaryndan 30.000 töweregi faýl tapyp we göçürip alyp bilýärler.Ilkibaşda Alan Emtage 1989-njy ýylda MakGill uniwersitetinde okaýarka döredilen Archie gözleg motory aslynda şol döwürler internetiň esasyny düzýärdi. Mälim bolşy ýaly, Bütindünýä Kerebi peýda bolmanka, internet esasan FTP serwerlerinden ybaratdy, bu bolsa ulanyjylardan faýllaryň we serwerleriň takyk atlaryny bilmegi talap edýärdi. Elbetde, mazmunyň sanynyň köpelmegi bilen nämedir bir zat tapmak kynlaşdy.Emma ilkinji gezek çykarylandan birnäçe aýyň içinde Archie şeýle meşhur boldy welin, dünýäniň dürli serwerleriniň arasynda maglumatlary geçirýän FTP ulanyjylary üçin hemme ýerde [...]

Dowamyny oka
Biosferany goramak meselesi

Biosferany goramak meselesi

Biosferanyň esasy düzüm bölekleri bolan howa, suw we toprak adamlaryň akyl-payhassyz we rejesiz peýdalamaklygy netijesinde hapalanýar. Eýsem, hapalanmak näme? Bu ýaşaýyş gatlagynda tebigy we antropogen sebäpleriň netijesinde fiziki, himiki we biologiki jisimleriň birleşmeleriniň adatdakysyndan çürt-kesik ýokary bolmagy, gurşawyň ýaramazlaşmagydyr. Meselem, suwuň bulançaklygy, suwuň şorlaşmagy we başgalar. Bu ýagdaý köplenç köp haryt öndürmek, gazanç etmek netijesinde ýüze çykýar. Biziň köpimiz dem alýan howamyzy,aşa peýdalanýan suwumyzy, oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmek üçin ulanýan topragymyzy, edil daş kömür, nebit ýaly tebigatyň mugt berilen peşgeşi hasaplaýarys. Biz olara aýawly çemeleşmeýäris. Biziň planetamyzda daş kömrüň, nebitiň we beýleki gazylyp alynýan baýlyklaryň ätiýaçlygy tükeniksiz däldir. Olary täzeden dikeldip bolmaýar. Edil şunuň ýaly ýagdaý howa, suwa we topraga-da degişlidir. Biosferanyň bu düzüm bölekleri bolsa, ösümlikleriň, janly-jandarlaryň ýaşamaklygynyň, ösmekliginiň, nesil öndürmekliginiň esasy çeşmeleri bolup durýar. Ýöne olar adamyň işjeňliginiň oňaýsyz täsirleri netijesinde ýyl geçdigiç [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09