PEDERLERIŇ NUSGALYK ÝOLUNA BAGYŞLANAN MASLAHAT
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, milli bilim ulgamynda uly üstünliklere we belent sepgitlere ýetilýär. Mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň durmuş we zähmet ýoly tutuş halkymyz, aýratyn-da, ýaşlar üçin görelde mekdebine öwrüldi. “Ozal akan ýerden akarmyş aryk” diýlişi ýaly, peder ýoluny dowam etdirip, ýaş nesle bilim-terbiýe berip, öz ukyp-başarnygy bilen bilim ulgamynda öçmejek yz goýan Mälikguly aganyň öwüt-ündewleri ähli bilim işgärleri bilen birlikde, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary üçin hem nusgalyk ýol-ýörelgedir.Atababalarymyzdan gelýän ýörelgelere, milli ruhy garaýyşlarymyza eýerýän Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary hem täze okuw ýylyna batly gadamlar we joşgunly zähmet üstünlikleri bilen geldiler. Şu okuw ýylynyň başlanmagy bilen badalga alan dabaralardyr çärelere utgaşyp geçirilen “Pederleriň ýörelgesi - nesillere görelde” atly maslahat geljekki pedagog hünärmenleri okuwda we döredijilik äleminde täze ýeňişlere ruhlandyrdy. Mekdebimiziň mugallymlary Miwe Agyşowanyň, Bibisere Saparowanyň milli bilim ulgamynyň [...]
Dowamyny oka