Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde - türkmen bedewiniň waspy
Türkmen bedewi — diňe bir eýesiniň wepaly hemrasy ýa-da taryhy söweşleriň gahrymany bolman, eýsem türkmen edebiýatynyň, aýratyn-da poetiki dünýäsiniň iň belent liriki syrdaşydyr, ruhy ganatydyr. Ol edebi döredijilikde diňe bir haýwan hökmünde däl, eýsem päklik, azat ruh, wepalylyk, owadanlyk hem-de millilik tymsaly hökmünde şekillendirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplary daşary ýurtly atşynaslar üçin hem hakyky okuw gollanmasyna öwrüldi. 2023-nji ýylyň dekabr aýynda bolsa ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow 2008-nji ýylyň güýzünde «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabyny halkymyza peşgeş berdi. Gahryman Arkadagymyzyň bu işi gözelligiň we kämilligiň nusgasy hasaplanylýan ýelden ýüwrük bedewlere bagyşlanylan özboluşly taryhy ýyl ýazgysydyr.
Arkadagymyz “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabynda: ,,At türkmen üçin ähli zatdyr” diýip belleýär we olara goýýan sarpasyny beýan edýär. Şonuň ýaly-da, bu eserde türkmen bedewiniň taryhy yzarlanýar. Şonuň üçin hem mähriban Arkadagymyzyň bu eseri ýurdumyzyň taryhçy alymlary, atşynaslary, bilim işgärleri üçin ýankitaba öwrüldi.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň howandarlygynda 2011-nji ýylda neşir edilen «Ganatly bedewler» atly ajaýyp kitap türkmen bedewleriniň geçmişinden we şu gününden söhbet açýan taryhy eserdir. Kitabyň mazmunynda ýurdumyzda atçylygy ösdürmek, türkmeniň aýrylmaz hemrasy hasaplanan bedew atlarymyza berilýän ünsi güýçlendirmek, atlar bilen baglanyşykly türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlaryny täzeden dikeltmek ýaly meselelere aýratyn üns berilýär. «Ganatly bedewler» atly kitap behişdi bedewlerimizi aýawly saklamak we dünýäde giňden wagyz etmek, ýurdumyzda atçylygyň meşhur ýörelgelerini dowam etdirmek, ösdürmek işinde ýetilen belent sepgitleriň aýdyň beýany bolup durýar.
Kitapda Türkmen atlary döwlet birleşiginiň Atçylyk muzeýiniň eksponatlarynyň – gadymy at esbaplarynyň, ahalteke bedewleriniň abraýly halkara ýaryşlarynda gazanan baýraklarynyň köpsanly arheologik tapyndylaryň suratlary, şeýle hem behişdi bedewlerimiziň keşpleri şekillendirilen suratlary ýerleşdirilipdir. Bu kitap türkmen atçylygyny ösdürmegiň taryhy hem-de geljegi barada doly düşünje almaga mümkinçilik berýär. Dünýäniň dürli dillerine terjime edilen bu kitap giň okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşy alyndy.
2016-njy ýylda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Gadamy batly bedew” atly kitaby okyjylarymyza gelip gowuşdy. Gahryman Arkadagymyzyň bu eserinde köpýyllyk barlaglar, pikir ýöretmeler, taryhy we edebi maglumatlar jemlenendir.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow kitabynyň başynda: “Watanymyzyň parahatlygyna bolan ynam, raýatlarymyzyň bolelin durmuşy meniň ýaşaýyş babatdaky ýörelgelerimiň tutuş mazmunyny eýeleýär. Size dünýä, hereket, tizlik, menzil hakynda owalbaşdan söhbet açýanlygymyň sebäbi hem, meniň türkmen ahalteke bedewi hakyndaky oý-hyýallarymdyr. Türkmen halkynda bedewiň gadymylygy, onuň göwün syrdaşyna öwrülip gitmegi dünýä tizlik beriji güýjüň bedewde bolanlygy üçindir” diýip, okyjylara ýüzlenýär.
Dünýä gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgasyna öwrülen türkmen bedewleriniň taryhyň gatynda uly orny bar. Hormatly Arkadagymyzyň 2019-njy ýylda halkymyza peşgeş beren «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaby behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny tutuş dünýä ýaýdy.
Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaby 8 bölümden ybarat bolup — bölümler «Ýoluň — rowaç, iliň — rowaç!», «Bedew atyň ýüwrük bolsun!», «Owwal bedew aty gerek», «Asmandan inen ykbal», «At — türkmen üçin ähli zat», «Ýanardagyň ýedi arkasy», «Tejribe hem kämillik», «Toý gününde bedew atlar çapylar» diýlip atlandyrylýar. Jemleýji bölüm türkmen dabaralarynyň hem-de baýramçylyklarynyň gyzykly pursatlaryna — at çapyşyklaryna we milli oýunlara bagyşlanypdyr. Bu ýerde milli Liderimiz bedewler bilen didarlaşanda özünde galan täsirleri, olar bilen duşuşan mahaly, at üstünde gezim edýän ýa-da türgenleşik geçýän wagtlary döreýän ajaýyp pikirlerini paýlaşýar. Gahryman Arkadagymyzyň atlara bolan söýgüsi, olaryň tebigatyny bilmegi we oňa çuňňur düşünmegi öwretdi.
Her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. 2026-njy ýylyň ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrylmagy-munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da artdyrdy.
At bilen baglanyşykly gürrüňlerde, olar bilen baglanyşykly rowaýatlarda at ýylynyň bereketli, düşümli, ynsan üçin her bir maşgala üçin bagtly, şatlykly ýyllaryň biri bolýandygy aýratyn bellenilýär.
Şeýle ajaýyp döwürde, halkymyzyň abadan durmuşyna, Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine gönükdirilen beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamlary ýiti bolsun, döwletli tutumlarynyň dowamaty-dowam bolsun!
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, Daşoguz şäher Halk maslahatynyň agzasy, ,,Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” ýubileý medalynyň eýesi
Amangeldiýewa Maýsagözel Muhammedowna