TM EN RU
Logo
22.10.2026

Döwrebap innowasion usullardan peýdalanmagyň ähmiýeti

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ugurlarynda döwletli işler amala aşyrylýar. Olar jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini kepillendirip, öňde goýulýan maksatlara üstünlikli ýetmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

 ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at - myradyň mekany” ýylynyň 2-nji sentýabrynda ,,Bilimler we talyp ýaşlar “ güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýurdumyzyň talyp ýaşlary we okuwçylary bilen taryhy ähmiýetli ilkinji umumy okuw sapagyny geçdi. 

 Gahryman Arkadagymyz umumy okuw sapagynda: “Ynsany kämillige we belent mertebä ýetirýän gymmatlyk, ilkinji nobatda, ylym we bilimdir” diýip belledi. Şoňa görä-de, kämil bilim almak, okamak, döretmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak bagtyýar ýaşlarymyzyň mukaddes borjudyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Ylymly ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir. Türkmen halkynyň döwletlilik ýolunyň mizemez mertebesidir, baky dowamatydyr» diýip, belläp geçdi.

​ Häzirki zaman bilim ulgamynyň ösüşi jemgyýetdäki düýpli özgerişler bilen berk baglanyşyklydyr. Sanly tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň durmuşymyzyň ähli ugurlaryna aralaşmagy, bilim bermek ugrunda hem täze çemeleşmeleri talap edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillere döwrebap bilim bermek, olaryň zehinini açmak mugallymlaryň öňünde duran esasy wezipeleriň biridir. 

 Okatmagyň döwrebap usullaryny ulanmak — bu bilimiň hilini we täsirliligini ýokarlandyrmagyň esasy şertidir.

 Biz häzirki wagtda tehnologiýalaryň, sanly çözgütleriň we bilim ulgamynyň örän çalt depgin bilen özgerýän döwründe ýaşaýarys. Bilim ulgamynda diňe bir nazary bilim bermek däl, eýsem şol bilimi durmuşda ulanmagy öwretmek esasy wezipä öwrülýär.

 ​ Innowasiýa — bu diňe bir täze tehnologiýa ýa-da kompyuter maksatnamasy diýmek däl. Innowasiýa — bu oýlanyşygyň özgermegi, köne meselelere täzeçe göz bilen bakmak we bilim berliş usullaryny häzirki zaman talaplaryna görä kämilleşdirmekdir. Ylym we bilim bolsa islendik jemgyýetiň özgerişiniň, ykdysady we medeni ösüşiniň binýatlyk sütüni bolup durýar.

​ Ylym-bilim ulgamynda innowasion usullardan peýdalanmagyň ahmiýeti barada aýtsak, aşakdakylary ilkinji hatarda görkezmek bolar:

​ Sanlylaşdyrmak we interaktiw bilim: Däp bolan okatmak usullary bilen bir hatarda sanly platformalary, interaktiw okuw serişdelerini we uzak aralykdan bilim bermek sistemalaryny okuw amalyýetine giňden ornaşdyrmak.

​ Täzeçil okatmak metodikasy: Talyplaryň ýa-da okuwçylaryň diňe bir maglumaty ýatda saklamagyny däl, eýsem olarda kritik oýlanmagy, döredijilikli düşünmegi we öz alýan bilimlerini durmuşda ulanmak başarnyklaryny ösdürmek.

​ Ylymyň we önümçiligiň integrasiýasy: Ýokary okuw mekdeplerinde geçirilmeli ylmy-barlag işleriniň diňe kagyz ýüzünde galman, önümçilige, ykdysadyýete we jemgyýetiň real hajatlaryna hyzmat etmegini gazanmak.

​ Üznüksiz bilim (Life-long learning): Häzirki zaman dünýäsinde bilim diňe mekdep ýa-da uniwersitet bilen çäklenmeýär. Ylymdaky innowasiýalar adamlara ömür boýy öz hünärini kämilleşdirmäge we täze başarnyklary özleşdirmäge mümkinçilik berýär.

​ ​Ösüşiň gözbaşy ylymda, ylymyň gözbaşy bolsa bilimdedir. Bilim ulgamyna girizilýän her bir täzeçillik, girizilýän innowasiýa biziň gelejegimize bolan maýa goýumdyr. Ýaşlarymyza döwrebap bilim berip, olaryň ylma bolan höwesini artdyrmak we täze pikirlere giň ýol açmak — biziň ählimiziň paýymyza düşýän wajyp wezipedir.

 Döwrebap usullaryň artykmaçlyklary:

 ​Döwrebap usullar (interaktiw usullar, taslama esasynda okatmak, sanly bilim) adaty okadyşdan şu aşakdaky aýratynlyklary bilen tapwutlanýar:

 ​Okuwçynyň işjeňligi: Mugallym diňe maglumat beriji däl, eýsem ugrukdyryjy (fasilitator) hökmünde çykyş edýär. Okuwçy bolsa bilimi taýýar görnüşde alman, ony gözleg arkaly özleşdirýär.

 ​Kritiki pikirlenmek: Täze usullar çagalarda her bir maglumata seljerme bermek, sebäp-netije baglanyşygyny gurmak ukybyny ösdürýär.

 ​Tehnologik mümkinçilikler: Multimedia serişdeleriniň, interaktiw tagtalaryň we okuw platformalarynyň ulanylmagy dersiň täsirli hem-de ýatda galyjy bolmagyny üpjün edýär.

​ Döwrebap usullaryň amaly ähmiýeti:

 ​Wagty tygşytlamak: Sanly serişdeler arkaly çylşyrymly temalary gysga wagtyň içinde wizual (görkezme) arkaly düşündirmek mümkin.

 ​Toparlaýyn işlemek medeniýeti: Interaktiw oýunlar we toparlaýyn taslamalar okuwçylaryň arasynda agzybirligi, özara kömegi we pikir alyşmagy kämilleşdirýär.

 ​Döredijilik: Okuwçy öz ukybyny görkezmäge mümkinçilik alýar, bu bolsa onuň özüne bolan ynamyny artdyrýar.

​​ Görşüňiz ýaly, hormatly kärdeşler, döwrebap usullar diňe bir täzeçillik däl, eýsem mugallym bilen okuwçynyň arasyndaky janly köprüdir. 

 Okatmagyň döwrebap usullaryndan peýdalanmak bilim ulgamynyň binýadyny berkidýär. Biz çagalary diňe bir düýnki we şu günki bilimler bilen däl, eýsem ertirki günüň talaplaryna laýyk gelýän ylymlar bilen ýaraglandyrmalydyrys. Innowasion usullar okuwçynyň döredijilik dünýäsini baýlaşdyryp, ony hakyky kämil şahsyýet edip ýetişdirmekde iň ygtybarly guraldyr.

 Biz bu usullary ulanmak bilen, sapagy diňe bir okatmak däl, eýsem öwretmek we gyzyklandyrmak derejesine ýetirýäris.

 Ýaşlaryň kämil bilim almagy ugrunda döwletli işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezdentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, Daşoguz şäher Halk maslahatynyň agzasy, ,,Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” ýubileý medalynyň eýesi

Amangeldiýewa Maýsagözel Muhammedowna

Soňky habarlar