TM EN RU
Logo
10.10.2026

Zähmetden rehnete ýeten zähmet mugallymy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli tutumlaryny mynasyp dowam edýän Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň ynsanperwer syýasatynda döwlet derejesinde zähmet adamlarynyň sarpalanmagy ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli, mekdebimiziň zähmet mugallymy Muhan Muhanowyň mynasyp bolan “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly onuň köp ýyllyk halal zähmetine, ýaş nesle berýän terbiýesine, mugallymçylyk ýoluna sarp eden çäksiz yhlasyna döwletimiz tarapyndan berlen mynasyp baha bolup durýar.

Aslyýetinde, dünýäde ýüzlerçe hünärler bolup, mugallymçylyk iň asylly, iň mukaddes hünärleriň hatarynda hemişe öňdäki orunlary eýeläp gelipdir. Adamzada sowat öwredip, aň-düşünjesini ösdürýän, ýaş nesle ýol görkezýän mugallym diňe bir bilim beriji däl, eýsem, halkyň geljegini gurujydyr. Mugallymçylyk “iňňe bilen guýy gazan ýaly” diýilýän juda agyr hupbatly, şonuň bilen birlikde hem juda hormatly kär hasaplanýar. Mugallym hakynda öz döwründe ýiti pikirleri miras galdyran Gündogaryň akyldarlary ylym öwretmegiň we terbiýelemegiň düýp mazmunynyň adamyň zähmetsöýerligine we adamkärçiligine daýanmalydygyny hemişe belläpdirler. Hakyky mugallym diňe bir kitapdaky temany düşündirýän adam däl-de, eýsem, öz göreldesi bilen şol bilimi şägirdiniň ýüregine siňdirýän ynsandyr. Ine, bu parasatly sözler ýaş nesle ömrüni bagyş eden, zähmeti bilen il-gün arasynda belent ada mynasyp bolan Mugallymçylyk mekdebiniň zähmet mugallymy Muhan Muhanowa gönüden- göni degişlidir. 01 özüniň yhlasly zähmeti, talyplara bolan söýgüsi we kärine bolan hünär ussatlygy bilen hut ýokardaky pähimleriň hakyky durmuşdaky subutnamasydyr.

Mugallymçylyk mekdebinde zähmet çekmek, ýaşlara zähmet çekmegiň inçe syrlaryny öwretmek uly jogapkärçiligi talap edýär. Muhan Muhanow diňe bir öz hünärine sarpa goýman, eýsem,ertirki gün ýurdumyzyň çagalar baglarynda we mekdeplerinde körpelere bilim berjek geljekki başlangyç synp mugallymlaryny we terbiýeçileri taýýarlamaga hem saldamly goşant goşýan ussat mugallymdyr. Olaryň diňe bir nazary bilim almaklary bilen çäklenmän, eýsem, zähmet dersinde el işleriniň, hünärmentçiligiň syrlarynyň inçeligine düşunmeklerinde Muhan mugallymyň öwüt- ündewleri we usulyýet ýoly uly mekdep bolup hyzmat edýär. Halypanyň sapaklary hemişe döwrebap talaplara laýyklykda, täzeçil usullarda guralýar. Geljekki mugallymlar halypadan diňe bir zähmet çekmegi däl, eýsem, zähmete bolan söýgini, kärine sarpany, çagalara ýürek ýylysyny bermegi öwrenýärler.

Muhan Muhanow diňe bir okuw otagynda sapak berýän mugallym däl, eýsem, okuw mekdebiniň köpçülikleýin we jemgyýetçilik işlerine hem işjeň gatnaşýan abraýly kärdeşdir. Mekdebiň medeni-köpçülikleýin çäreleri, ýaş hünärmenleri ýüze çykarmaga gönükdirilen bäsleşikler, zähmet ýaryşlary we gumaklar hemişe onuň ady we göni gatnaşygy bilen baglanyşyklydyr. Ol kärdeşleriniň içinde sylag-hormatdan peýdalanýan, ýaş mugallymlara hemişe goldaw berýän maslahatçy we tejribeli usulyýetçi hökmünde uly abraýdan peýdalanýar. Ol özüniň asylly zähmeti bilen geljekki nesillere nusgalyk ýol açmagyny dowam etdirýär. Biz hem zähmetden rehnete ýeten zähmet mugallymyna geljekde hem üstünlikleri arzuw edýäris. Şa Serpaýy gutly bolsun, Muhan mugallym!

 

Töräýewa Maksuda Paýzyllaýewna, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň iňlis dili mugallymy.

Soňky habarlar