TM EN RU
Logo
16.10.2026

“Salam mugallym” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

“Salam mugallym” ady bilen Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewlerini wagyz etmek maksady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy

Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek, bilim-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek, mugallymçylyk käriniň abraýyny belent tutmak, halypa-şägirtlik däplerini ösdürmek baradaky öwüt-ündewlerini wagyz etmekden; mugallymlaryň hünär ussatlygyny, ahlak sypatlaryny we ýaş nesli terbiýelemekdäki jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrmakdan; talyp ýaşlarda mugallymçylyk kärine söýgüni, milli gymmatlyklara hormaty, watansöýüjilik we zähmetsöýerlik häsiýetlerini kemala getirmekden ybaratdyr.

Hut şu nukdaýnazardan Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimizde hem “Salam mugallym” ady bilen Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewlerini wagyz etmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Mugallymçylyk mekdebimiziň mugallymlary çykyş etdiler. Mugallymlar öz çykyşlarynda “Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy” döwründe her bir güni toý-baýramlara beslenýän eziz diýarymyzda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan işler we gazanylýan üstünlikler barada hem durup geçdiler.

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramçylygynyň bellenilýän ýylynda amala aşyrylan giň gerimli özgertmeleriň jemini jemlemäge, gazanylan üstünlikleriň ähmiýetine düşünmäge hem-de uzak möhletleýin geljegi göz öňünde tutup, geljekki işleriň möhüm maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemäge mümkinçilik döredýär.

Gahryman Arkadagymyzyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäherindäki umumy sapagyndan ugur alyp, döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna ygrarly ýaşlaryň terbiýelenmegi hakynda hem nygtalyp geçildi.

Soňky habarlar