Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Döwlet ösüşiniň 35 ýyllyk taryhy tejribesi
“Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly uly üstünliklere, beýik işlere beslenip,halkymyzyň bagtyýar geljegini kepillendirýän işler bilen has-da rowaçlanýar.Taryhy tutumlardan beýgelýän her bir günüň ajaýyp pursatlary bolsa şanly senelere, toý-baýramlara ýetirýär. Ata-babalarymyzdan biziň şu günlerimize çenli gymmatyny ýitirmän gelen döwletli ýörelgelerimiziň hatarynda uly toýlary mynasyp derejede toýlamak, onuň öň ýanyndan geňeş edip,sala salyp,gazanylanlary seljermek, öňde duran beýik işlere badalga bermek ýaly tutumlara aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki taryhy döwrümizde bu ýörelgeler dowamat bolup jemgyýet bilen döwletiň arasyndaky bitewüligi has-da berkidýän işler giňden dabaralandyrylýar.
Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz özüniň iň möhüm taryhy seneleriniň birine Garaşsyzlygynyň we Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň şanly 35 ýyllygyna tarap ynamly gadam basýar.
Ylmy taýdan seredilende, bu döwür diňe bir ýyllaryň sany däl, eýsem täze döwletçilik modeliniň döredilmegi, syýasy-ykdysady garaşsyzlygyň we halkara parahatçylyk dörediji strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine deňlenen bitewi taryhy eýýamdyr.
Türkmen Bitaraplygy we Halkara Parahatçylyk Diplomatiýasy Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasyny düzýän baky Bitaraplyk ýörelgesi BMG Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary arkaly halkara derejede ykrar edildi. Ylmy nukdaýnazardan alnanda, türkmen Bitaraplygy diňe bir harby-syýasy bitaraplyk däl, eýsem ol "oňyn bitaraplyk" konsepsiýasyna esaslanýar.
Sebitleýin howpsuzlyk Ýurdumyz sebitde durnuklylygy saklamakda we hyzmatdaşlygy ösdürmekde hemişe işjeň orun eýeledi. Aşgabat şäheriniň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýerleşýän ýeri bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Energetika we ulag diplomatiýasy: Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan kabul edilen "Durnukly energetika", "Durnukly ulag ulgamy" hakyndaky kararnamalar döwletimiziň diňe bir milli bähbitleri däl, eýsem bütin adamzadyň global ösüşine goşant goşýandygyny ylmy taýdan tassyklaýar.
Ykdysady Diwersifikasiýa we Häzirki Zaman Özgertmeler Garaşsyzlygyň 35 ýyly içinde Türkmenistanyň ykdysadyýeti agrar-çig mal ugrundan senagatlaşan we sanly ulgama geçýän kuwwatly döwlet ykdysadyýetine öwrüldi.Innowasiýalar we senagatlaşma: Ýurdumyzda gurlan täze döwrebap zawodlar, fabrikler, iri nebitgaz we himiýa toplumlary milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýa ýoly bilen ösýändigini görkezýär.
Ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň, elektron dolandyryş ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy jemgyýetiň ösüş depginini has-da güýçlendirýär.
Ylym, Bilim we Ruhy-Medeni Miras Häzirki zaman ylmynda döwlet ösüşi diňe bir ykdysady görkezijiler bilen çäklenmän, eýsem adam kapitalynyň ösüşi we medeni miras tarapyndan hem bahalandyrylýar. Ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylmy-barlag işleriniň halkara ülňülerine laýyk getirilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Türkmen halkynyň gadymy medeniýeti, şol sanda Änew medeniýeti, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän taryhy ýadygärlikler ýurdumyzda we daşary ýurtlarda ylmy esasda öwrenilip, ÝUNESCO-nyň sanawyna girizilmek bilen giňden wagyz edilýär.
Gülläp ösýän Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň 35 ýyllyk taryhy ýoly bu agzybirlik, parahatçylyk, döredijilik we yzygiderli ösüş ýoludyr. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň göwrümli özgertmeler milli döwletçiligimizi has-da berkitmek bilen birlikde, geljekki nesiller üçin kuwwatly binýat döredýär. Ylmy taýdan aýdylanda, 35 ýyllyk tejribe Türkmenistanyň saýlap alan strategiýasynyň dogrulygyny we rowaçlyga tarap ynamly öňe gidýändigini doly subut edýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleriniň,dünýäde parahatçylygyň hem-de dostlugyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän beýik başlangyçlarynyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň janlary sag,ömürleri uzak, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaç bolsun!
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň taryh Mugallymy Ýoldaşowa Akjagül