TM EN RU
Logo
18.09.2026

Berkararlyk buýsanjy

Umumadamzat pelsepesiniň iň arzyly gymmatlygy bolan Garaşsyzlyk halkyň, Watanyň barlygydyr. Halklaryň öz ykbalyny erkin kesgitlemäge bolan halkara hukugynda umumy ykrar edilen mizemez ýörelgesine esaslanyp türkmen halky Garaşsyz döwlet boldy.

Döwlet öz ygtyýarlygynyň milli ýörelgeleri Türkmenistanyň Konstitusiýanyň mazmunynda öz beýanyny tapýar. Esasy Kanunymyzda Türkmenistanda kanunyň hökmürowandygy, ýurdumyzda her bir raýatyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdigi baradaky kadalar, konstitusion esaslary berkidilendir. Erkinligi, mertebesini baýdak edinen halkymyz üçin garaşsyzlygyň, berkarar döwletiň gymmatlyklarynyň nä derejesinde arzylylygyny, medeni mirasymyzyň çeşmelerinde, hususan-da, Magtymguly Pyragynyň goşgularynda görmek bolýar. Şahyryň “Hor galmasyn puştba-puşdym” diýen parasatly setirleri türkmen halkyny birleşdirmek Berkarar döwletli bolmak, geljekki nesillerimiziň bagtly durmuş, erkin ýaşamak baradaky arzuw-islegleriniň Garaşsyz döwletimizde amala aşýandygy, edilen arzuw-umytlarynyň bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatsöýüjilikli, ynsanperwer, dost-doganlyk syýasaty netijesinde täze belentliklere beslenýändigini görmek bolýar.

Türkmeniň milli Garaşsyzlyk toýuna aýratyn uly dabara beslenmeginiň özboluşly manysy bar. Munuň özi Türkmenistanyň döwlet diline, Döwlet baýdagyna, Döwlet senasyna, Esasy Kanunyna, medeniýetine, milli däp-dessurlaryna, umuman, özbaşdak döwletiň esasy alamatlaryny aňladýan halkyň gorap, şu günlerine ýetiren ähli gymmatlyklaryna eýe bolmak hukugyny alamatlandyrýar. Mälim bolşy ýaly, döwletiň daşary syýasaty onuň içeri syýasatynyň dowamydyr. Döwletimiziň içeri syýasaty milli Garaşsyzlygymyzy pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny eşretli durmuşy üpjün etmäge gönükdirilen bolsa, daşary syýasaty bu asylly maksatlaryň durmuşa geçirilmegi üçin amatly şertleriň döretmäge ýardam edýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan özgertmeleriň döwletimiziň daşary syýasy we ykdysady strategiýasy bilen utgaşykly alnyp barylýandygy guwandyryjy ýagdaýdyr.

Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk döwründe Bitaraplygyň, parahatçylygyň, türkmen halkynyň döwletliliginiň milli nusgasyny dünýä ýaýyp, daşary syýasatda ozaly bilen milli we ählumumy bähbitleri üçin amatly halkara şertleri üpjün etdi. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýä giňişliginde ählumumy ösüşi üpjün etmek, adam hukuklaryny goramak babatda, energiýa, ulag-üstaşyr geçelgeleri, ekologiýa, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary we gymmatlyklary ösdürmek ugrunda netijeli başlangyçlary öňe sürýär. Ýurdumyz halkara hukugy umumy ykrar edilen kadalaryny esasy ölçeg hökmünde ileri tutýan halkara borçnamalaryna ygrarly hem-de ygtybarly döwlet bolup, häzirki wagtda dünýäniň ençeme döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Şeýle hem Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň agzasy bolup, olar bilen ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barýar. Munuň özi Türkmenistanyň köptaraplaýyn, şeýle hem sebitleýin hyzmatdaşlygynyň barha ýaýbaňlanýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurmak tejribesini esaslanýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň milli ösüş nusgasy döwletimiziň taryhy-geografik aýratynlyklary, milli gymmatlyklary bilen sazlaşykly utgaşýar. Çünki Garaşsyzlyk türkmen halkynyň asyrlar boýy arzuw-umytlarynyň durmuşda amal edilmegine giň mümkinçilikleri döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň saýasynda häzirki döwürde halkymyz Garaşsyzlygyň miweleriniň hözirini görýär. Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde ýetilen belent sepgitler ýurdumyzyň döwrebap ösüşinde, hususan-da, ulag-üstaşar geçelgeleri döretmekde, energiýa geçirijileriniň howpsuzlygyny üpjün etmekde, milli ylym-bilim ulgamlaryny pugtalandyrmakda, ýaş nesliň ylymly-bilimli bolup ýetişmeginde, milli mirasymyzyň sarpalanmagynda we baýlaşdyrylmagynda aýdyň şöhlelenýär.

Garaşsyzlyk halkymyzy bir suprada jemlemek bilen pederlerimiziň asylly ýörelgelerine eýerip, türkmen döwletliligini berkarar etmäge, döretmäge, gurmaga, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny özleşdirmäge, durnukly ösüşe üpjün etmäge giň ýol açdy. Şeýle ajaýyp pursatda biz-türkmen halkyny bolelin durmuşda ýaşadýan bize giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!

Ogulşat Durdymedowa,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň psihologiýa mugallymy

Soňky habarlar