TM EN RU
Logo
12.09.2026

Bibi Gurbangeldiýewanyň ýürek buýsanjy

 Buýsançly sözümiň başynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy bilen siziň ähliňizi, agzybir türkmen halkymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, eziz Diýarymyzda hemişe toýlar toýa, baýaramlar baýarama ulaşsyn!

 «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan‒bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, «Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden «Mukaddes Garaşsyzlyk – buýsanjymyz, bagtymyz» atly bilim işgärleriniň döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolandygyma çäksiz begenýärin.

 Özüm ýaly döredijilik bilen meşgullanýan bilim işgärleri ýazan makalalarynda, hekaýalarynda we goşgularynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi we milli ruhda terbiýelenmegi ugrunda ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmeleri, bu ugurda döwletimiz tarapyndan edilýän tagallalary, Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur manyly eserleriniň, hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar‒Watanyň daýanjy», «Änew‒müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly‒dünýäniň akyldary» atly kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýetini, hemişelik Bitaraplygyň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren bagtyny joşgunly we çeper beýan etdiler. 

 Bilşimiz ýaly, «Mukaddes Garaşsyzlyk – buýsanjymyz, bagtymyz» atly bu bäsleşik üç ugur boýunça, ýagny iň oňat makalalar, iň oňat hekaýalar we oňat goşgular diýen ugurlar boýunça geçirildi.Ýurdumyzyň bilim işgärleriniň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginde baýrakly orna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Döredijilik işime mynasyp baha berlendigi üçin begenýärin. Ýurdumyzyň toý-baýramly günlerinde toýdan paýly bolanyma tüýs ýürekden buýsanýaryn. 

 Hormatly Prezidentimiziň «Ylym we bilim jemgyýetiň we döwletiň ösüşini üpjün etmegiň berk binýadydyr» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, biz‒bilim işgärleri ösüp gelýän ýaş nesle dünýä ülňülerine laýyk bilim bermek, olary milli ýörelgelerimiz hem-de umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek boýunça okuw-terbiýeçilik işlerini alyp barýarys. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň bilim ulgamynda zähmet çekýän pedagoglara goýulýan sarpanyň belentdigine şaýat bolýarys. Ýaşlara bilim-terbiýe bermek işi bilen birlikde döredijilik işi bilen hem meşgullanýaryn. Watanymyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny, asuda, parahat durmuşymyzy, ýurdumyzyň beýik ösüşlerini döredýän goşgularymda wasp edýärin.

 Toý-baýrama beslenen eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüşleriň we özgerişleriň belent hem aýdyň ýoly bilen öňe barýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan tutumly işlerini Arkadagly Gahryman Serdarymyz üstünlikli dowam edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda gazanylýan beýik ösüşler, ýetilýän uly üstünlikler biziň her birimizi buýsandyrýar, ak ertirlere bolan ynamymyzy artdyrýar.

 Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ösdürmek barada edýän tagallalary tutuş halkymyz bilen birlikde biz bilim işgärlerinde-de uly buýsanç döredýär. 

 Ýurdumyzyň ýagty geljegi bolan ýaş nesli terbiýelemek, olara bilim bermek ýaly sogaply hem asylly käriň eýeleri bolan biz - mugallymlar päk ýürekden halal hem-de döredijilikli zähmet çekýäris. Şeýle asylly maksatlary ýörelge edinip, geljekde-de Watana wepaly, berk bedenli, ylymly-bilimli kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmekde ukyp-başarnygymyzy, yhlasymyzy gaýgyrmarys. Eziz Diýarymyzda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrýan, ýaş nesli döwrüň belent ruhunda terbiýelemek üçin bilim işgärlerine giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza buýsanjymyzy beýan edýäris. 

 Ajaýyp arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda ýaşamaga, bilim almaga, döredijilikli zähmet çekmäge ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il- ýurt bähbitli tutýan döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! 

Soňky habarlar