TM EN RU
Logo
05.09.2026

Arkadagly ýaşlar –bagtyýar ýaşlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary, başlangyçlary bilen dünýä derejesinde uly ösüşler, rowaçlyklar gazanylýar. 

Biz muny Ata Watanymyzyda ylymda-bilimde durmuşa ornaşdyrylýan özgertmelerde we bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde durmuşa geçirilýän işlerde görýäris. 

 ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň 2-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýurdumyzyň talyp ýaşlary we okuwçylary bilen taryhy ähmiýetli ilkinji umumy okuw sapagyny geçdi. 

 Gahryman Arkadagymyz bu ýere ýygnananlar bilen salamlaşyp, talyplary we okuwçylary ýurdumyzda bellenilýän uly baýramçylyk — Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen gutlady, ata Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmakda uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw etdi.

 Türkmen halkynyň Milli Lideri okuw sapagyna gatnaşyjylara ýüzlenip: “Şu gün siziň bilen örän möhüm, esasy garaýyşlarymy paýlaşmak isleýärin” diýip belledi. Olar şahsyýeti kemala getirmek, ýaş nesliň durmuşdaky ornuny we ahlak gözýetimini kesgitlemek bilen bagly düşünjelerdir. 

 Bu giňişleýin nusgalyk sapak döwletimiziň mukaddes geljegi bolan ýaş nesli watansöýüjilik, ýokary ylym-bilim we kämil ahlak ruhunda terbiýelemekde baş gollanma öwrüldi.

Milli Liderimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ösüşi, häzirki ýaşlarymyzyň döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň we maşgalanyň öňündäki wezipe borçlary hakynda nygtap geçdi.

 Gahryman Arkadagymyz özüniň çüňňür ylmy we pelsepewi garaýyşlara baý çykyşynda ýaş nesliň öňünde duran mukaddes wezipeleri birnäçe ugurlara bölüp beýan etdi.

Milli Liderimiz türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şanly taryhy, gahrymançylykly we parahatçylyk söýüji häsiýeti barada giňişleýin durup: 

 - Islendik adamyň Watana söýgüsi adaty, sagdyn duýgudyr. Ýaş adam üçin bolsa bu aýratyn many-mazmuna eýedir. Sebäbi hut şol ýyllar onda Watana bolan söýgi, ýurduna bolan buýsanç duýgusy kemala gelýär. Watana wepaly, mynasyp hyzmat etmelidigine akyl ýetirýär. 

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň watansöýüjilik, agzybirlik hakyndaky arzuwlary bu günki bagtyýar döwrümizde hasyl boldy. Munuň özi şahyryň «Türkmeniň» atly goşgusynda öz aýdyň beýanyny tapýar: 

Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, 

Göteriler ol ykbaly türkmeniň. 

 Bu setirlerde ägirt uly many bar, ata Watanymyzyň beýik geljegine ynam bar - diýen jümleler esasynda belläp geçdi.

 Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerlik, agzybirlik, Watan mukaddesligi baradaky goşgulary we pelsepesi döwrebap terbiýeçilik mekdebiniň binýady hökmünde bellenildi. Pyragynyň arzuw eden azat we berkarar döwletinde ýaşamak uly bagtdyr. 

Sapakda: “Biziň döwletimiziň iň täze taryhy dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Garaşsyzlygymyzdan başlanýar. 35 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşy düýpli berkidildi. Ýakyn wagtda bolsa biz ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny belläp geçeris. Bu beýik sene berkarar döwletimiziň durmuşynda tutuş bir döwürdir. Biziň bolsa buýsanara-guwanara zadymyz örän köp” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri bellap geçdi.

 Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk taryhy ýolunda gazanylan uly üstünlikler, ykdysady we syýasy durnuklylyk ýaşlarymyzyň dykgatyna ýetirildi.

 Milli Liderimiz ýaşlaryň diňe bir ylymly bolman, eýsem belent ahlakly, durnukly, maşgala gymmatlyklaryna we milli däp-dessurlaryna wepaly bolup ýetişmelidigini aýtdy.

 Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy merdana halkymyzyň aýratyn taryhy ykbalydyr. Garaşsyz ýurdumyzyň Bitaraplygy 1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolan dünýä döwletleriniň ählisi tarapyndan ykrar edildi.

 “Şeýle hem men ýaňy Bitaraplygymyzyň türkmen halkynyň taryhy ykbalydygyny aýtdym. Munuň özi ýönelige däldir. Sebäbi Bitaraplyk halkymyzyň bütin taryhy ýoly bilen kesgitlendi, ata-babalarymyz tarapyndan bize wesýet edildi. Muny akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy wasp edip gidipdir. Ol diňe şahyr we akyldar bolman, eýsem, köp ýurtlara aýlanyp gören ajaýyp diplomat hem bolupdyr. Bu beýik ynsan türkmenler üçin esasy zadyň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we ähli halklar bilen dostlukly gatnaşyk etmek bolup durýandygyna düşünipdir. Biziň Bitaraplygymyzyň düýp manysy hem şunda jemlenendir” diýip, Milli Liderimiz belläp geçdi. 

 “Men daşary syýasat ugrumyz, parahatçylyk we dialog medeniýeti barada aýdyp geçdim. Şu ýerde halkymyzyň medeni we ruhy mirasynyň egsilmezdigini aýtmak gerek. Häzirki döwürde Türkmenistan diňe bir içerki döwlet işlerinde däl, eýsem, daşary syýasatda hem Azadynyň, Andalybyň, Magtymgulynyň, Zeliliniň, beýleki görnükli akyldarlarymyzyň pähim-paýhasyndan ugur alyp, olaryň ynsanperwer taglymatlaryny durmuşa geçirmegi dowam edýär” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. 

 Şu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri bir mysal getirdi. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 33 sany Kararnamany kabul etdi. Olaryň köpüsi dünýäde adamlaryň ýaşaýyş-durmuşyny gowulandyrmaga, howpsuzlygyny, saglygyny üpjün etmäge, kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramaga gönükdirilendir. Bu ýerde ileri tutulýan ugur halkara gatnaşyklary ynsanperwerlige itermek bolup durýar. 

 “Türkmen ýazyjy-şahyrlary şöhratly ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik baradaky beýik taglymatlaryny dowam etdirýärler. Mähriban halkymyz Berdi Kerbabaýewe, Kerim Gurbannepesowa, Gurbannazar Ezizowa, Osman Ödäýewe, Gözel Şagulyýewa örän uly sarpa goýýar. Nury Halmämmedow, Çary Nurymow, Weli Muhadow ýaly meşhur kompozitorlar eziz Watanymyzyň at-abraýyny has-da belende göterdiler. Bu hem biziň adamzada ýollan çagyryşymyzdyr. Türkmenistanyň alyp barýan beýik ynsanperwer işiniň bir bölegidir. Häzirki döwürde biz halypa diplomatlarymyzyň, Türkmenistanyň Gahrymanlary Aksoltan Ataýewanyň we Çynar Rustemowanyň bitiren hyzmatlaryna ýokary baha berýäris” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtap geçdi.

 “Ýurdumyzda döwrebap bilim ojaklary— ak şäherimiz Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalarynyň dabaraly açylyşy boldy. Şeýle hem orta mekdepler we çagalar baglary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Täze bilim ojaklarynyň yzygiderli açylyp ulanmaga berilmegi döwletimiziň ykdysady we ruhy kuwwatynyň, geljege bolan uly ynamynyň aýdyň görkezijisidir. 

 Meniň size atalyk arzuwym: goý, bagtyýar okuwçylarymyzyň hem-de talyp ýaşlarymyzyň bilim we ylym ýollary hemişe aýdyň bolsun! Döwletimize uly abraý getirsin!” diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. 

 «Watan, toprak — her millet üçin mukaddeslik. «Döwlet guşy» romanymda men: «Türkmen topragy — mertligiň, gaýduwsyzlygyň topragy. Türkmen topragy — rysgal-berekediň topragy. Bu toprakda beýik pederlerimiziň yhlasy, arzuwy, ömür menzilleri ýatyr» diýip ýazypdym. Meniň size berjek atalyk nesihatym, ýaşlar, siziň öz Watanyňyzyň taryhyny, öz kökleriňizi bilmegiňiz gerek, oňa guwanmagyňyz, buýsanmagyňyz gerek. Siziň her biriňiziň baş şygaryňyz kämillik bolmalydyr. Ynsan hemişe kämillige ymtylmalydyr” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

“Türkmen ýigidi we gyzy özünde milletimiziň iň ajaýyp, iň gözel, iň näzik ahlak sypatlaryny jemlemelidirler. Arassa ahlak ynsanyň kämilligi bilen ýüze çykýar. Ynsan kalbynda dostluk, doganlyk, ynsanperwerlik duýgularyny oýarýan halkymyzyň milli ahlak kadalaryna her birimiz guwanmaga, buýsanmaga doly haklydyrys” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady. 

 Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, iň gymmatly miras terbiýedir. Ynsanyň bagtyýarlygy diňe ýazgydyna däl-de, oňa siňdirilen terbiýä hem baglydyr. «Çagaly öý — bazar», «Çaga — ömrüň dowamy» ýaly parasatly jümleleri döreden türkmen halky ösüp gelýän ýaş nesillere aýawly garapdyr. «Biz pederlerimiziň «Akylyň bahasy bolmaz, terbiýäniň — çägi» diýen pähiminden ugur alyp, nesil terbiýesine aýratyn üns berýäris” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

 Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmençilikde perzendiň kitaba bolan söýgüsi maşgaladan başlanýar. Ýaşlar şöhratly taryhymyzy, baý edebi mirasymyzy beýan edýän eserleri okamagy endik edinmelidir. Dana pederlerimiz «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat», «Okadym diýme, bildim diý!», «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer» diýipdirler. 

 Şu günki ýaşlarymyz hem öz aslyna eýerip, halkymyzyň ajaýyp häsiýetlerini unutmaly däldirler. Häzirki türkmen ýaşlary öz geçmişine buýsanmalydyrlar, halkymyzyň köpasyrlyk ar-namysyna, gyz edebine, ýigitlik mertebesine eýermelidirler” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy. 

“Adamyň ömürboýy gazanan baýlygy — tälim-terbiýesi, akyl-paýhasy, ukyp-başarnygy, hünäri onuň Watan gymmatlygy baradaky garaýyşlarynda ýüze çykýar. Perzendiň terbiýesiniň esasy mazmuny Watan mukaddesliginde jemlenýär. Türkmen maşgalasynda perzendiň il aladasyny edýän ogul bolup kemala gelmeginiň asyl manysynda Watan üçin edilen yhlas we söýgi bardyr. 

 Men bilim işgärleri, ata-eneler bilen duşuşyklarymda hemişe ýaşlary watansöýüji, giň gözýetimli, kämil düşünjeli şahsyýetler edip kemala getirmek üçin olary milli däplerimiz, edep-kadalarymyz esasynda terbiýelemek barada pikir alyşýaryn” diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. 

 «Edep başy salam» diýlişi ýaly, jemgyýetde adamlaryň arasyndaky agzybirligi, ynamy berkidýän ilkinji basgançak salamlaşmakdan başlanýandyr. «Salam — Taňrynyň ady» hem diýilýär. Açyk ýüz, päk ýürek bilen berilýän salam adamlaryň kalbynda dostlugy, ynamy berkidýär” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. 

 Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Watandan beýik mukaddeslik, Watandan beýik gymmatlyk ýokdur. Watansöýüjilik ynsan gözelliginiň egsilmez hazynasydyr. Watansöýüjilik — bu ata-babalarymyzyň mukaddes ündewidir. «Paýhas çeşmesi» atly kitapda hem bellenilişi ýaly, «Atany söýen, Watany söýer», «Geýmäge keten ýagşy, ölmäge — Watan». Watanyny diňe söz bilen däl, halal zähmeti, yhlas-başarnygy bilen söýýän, beýik şahsyýetlere hormat goýýan ýaşlar hakyky watançy nesillerdir. 

 “Oguz han, Adybeg soltan, Jygaly beg, Görogly, Jelaleddin Meňburun ýaly ýurt azatlygy, Watan goragy ugrundaky agyr söweşlerde mertlik görkezen milli gahrymanlar bu günki nesiller üçin gaýduwsyzlygyň belent mekdebidir” diýip, Gahryman Arkadagymyz belläp geçdi. 

 “Türkmen ýaşlary ata-babalarymyzyň yhlasy siňen türkmen topragynyň her bir daban ýeriniň mukaddesdigini hiç wagt unutmaly däldirler! Türkmen ýaşlary öz pederleriniň Watanyna wepaly, ynsanperwer, adalatly, sahawatly, asylly, sabyr-kanagatly ynsanlar bolandyklaryny hiç wagt unutmaly däldirler!” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady. 

Halkymyzyň gadymdan gözbaş alýan watansöýüjiligi, gahrymançylygy we edermenligi bu günki türkmen ýaşlaryny bezeýän iň asylly, iň arzyly milli häsiýetler bolmalydyr. “Goý, siziň batyr, edermen, gaýduwsyz häsiýetleriňiz watansöýüjiligiň ajaýyp tugy bolup dünýäde belentden parlasyn!” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. 

 Maşgala ojagynda ata-enäniň öz aslyny, göbek ganynyň daman topragynyň mukaddesligini we pederleriniň şöhratly ýoluny perzendiniň aňyna guýmagy geljekki kämil şahsyýetiň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar, gözýetimini giňeldýär. Ýagşy häsiýetler ynsanyň özüni, ýagşy amallar bolsa onuň ömrüni bezeýär. Her kimde ajaýyp häsiýetler näçe köp boldugyça, onuň il arasyndaky alkyş-abraýy, hormat-sylagy hem artmak bilen bolýar. «Pespällik ynsanyň mylaýymlygyny, kanagat sahylygyny, bilim danalygyny, wepalylyk abraýyny görkezýär. Dogruçyllyk hoşamaýlygydyr, akgöwünlilik we yhlas rysgalydyr, şükür nygmatydyr, güler ýüzli bolmagy bolsa onuň dostlugydyr” diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. 

 Nusgalyk sapakda: “Nesilbaşymyz Oguz han Türkmenden gözbaş alýan edep kadalary ýaşlary ahlak arassalygyna, ýokary adamkärçilige, watançylyga, edermenlige, päk söýgä ruhlandyrýan egsilmez ruhy çeşmedir. Şoňa görä-de, bu gymmatlyk ýyl-ýyldan beýgelýär, gadyr-gymmaty artýar” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi. 

 “Milli edep-terbiýämizde halkymyzyň ynsanperwerlik, päklik, ruhubelentlik, kiçigöwünlilik, mertlik, dogry sözlülik ýaly ahlak gymmatlyklary jemlenendir. Hut şonuň üçin hem, ýaşlar, siz edep kadalaryny durmuşyňyzyň manysyna öwürmäge çalşyň!” diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. 

 «Adam eli — gyzyl gül» diýipdirler. Agajyň miwesinden belli bolşy ýaly, ynsan hem özüniň zähmeti bilen meşhurlyga eýe bolmalydyr. Zähmet gazanç çeşmesi we ahlak borjy bolup durýar. Sen bu borjuň üsti bilen Watanyň gülläp ösmegine hem goşant goşýandygyňa oňat düşünmelisiň. Yhlasly we öndürijilikli zähmet seniň adyňy halkyň içinde ykrar eder we saňa uly hormat getirer. 

 «Gyzjagazyň eline iňňe-sapak ber, oglanjygyň eline pil ber!» diýen paýhasly pederlerimiz gyz-oglanyň zähmet terbiýesine aýratyn üns beripdirler. Siz hemişe ýatda saklaň! Zähmetsöýerlik ynsanyň hakyky baýlygydyr, onuň mertebesini hem-de abraýyny belende göterýän uly güýçdür” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi. 

 “Türkmen ýaşlary öz zähmeti bilen ata Watanymyzy diňe bir şöhratlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ony goramaga hem borçludyrlar. Ata Watany, mähriban halkymyzyň parahat, bagtyýar durmuşyny goramak ýurduň ähli raýatlarynyň mukaddes borjudyr. 

 Perzent terbiýesi ata-enäniň mukaddes wezipesidir. Perzende türkmençilige mahsus at dakmak, bilim-terbiýe bermek, öýli-işikli etmek ata-enäniň perzendiň öňündäki esasy üç borjudyr” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. 

«Çagany — ýaşdan, edebi — başdan», «Terbiýesiz çaga — baş öwredilmedik at», «Akylyň bahasy bolmaz, terbiýäniň — çägi», «Adam edebinden tanalar, ýurt — tugundan», «Çaga eziz, edebi ondanam eziz», «Gyz — gylygy bilen, ogul — edebi bilen» diýipdirler. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, ene-ata öz perzendine, ilki bilen, özlerine hormat goýmagy, uly-kiçiniň gadyr-gymmatyny bilmegi öwretmelidir. Şeýle hem perzendine ýaş wagty edep-ekram öwretmelidir, bagtyýar durmuşda ýaşamagyň ýoluny salgy bermelidir. Perzendiniň edepsiz hereketini gören ene-ata oňa dogry ýol salgy bermelidir. Ata-ene öz perzendinde ata Watana bolan beýik buýsanjy, oňa tagzym etmegi we egsilmez söýgini terbiýelemelidir. Ata-eneleriň wagyz-nesihatlary halkymyzyň ynsanperwer kadalaryndan aýra düşmeli däldir” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi. 

 Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, geljekki neslimiziň terbiýesi hem maşgala baglydyr. Maşgalada adam şahsyýet hökmünde kemala gelýär, birek-biregi hormatlamagy, söýmegi öwrenýär. Halkymyzyň durmuş tejribesinde çaganyň doglan pursadyndan başlap, onuň her bir ösüşiniň tapgyry milli dessurlar bilen utgaşyp gidýär. Çaga dünýä inenden soň, onuň ilkinji kyrk güni, ýagny kyrkçile döwri aýratyn ideg we mähir bilen gurşalýar. 

 “Çaganyň ilkinji dişi çykanda bolsa öý-ojakda uly şatlyk bilen diş toýy tutulýar. Bu dessur perzendiň uly durmuşa sagdyn we berk ädimler bilen başlamagynyň buýsançly baýramydyr. Soňra çaganyň saçynyň ilkinji gezek alynmagy bilen, galpak toýy bellenýär. Bu toýlar diňe bir şatlyk-dabara däl, eýsem, il-günüň jem bolup, täze doglan nesle ak ýol, uzak ömür we bagtyýar geljek dilemegidir. Bu taryhy we gadymy däpler maşgala mukaddesligini berkitmäge hyzmat edýär” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy. 

 «Atam Berdimuhamet Annaýew hem halka hyzmat edip, jemgyýetde hormat-sylaga mynasyp bolan, ömrüni mugallymçylyk kärine bagyşlan ilhalar ynsandy. Atam çagalara diňe sowatly okamagy we ýazmagy öwretmän, diňe bir bilim bermän, eýsem, olaryň kalbyna jemgyýetde özüňi mynasyp alyp barmagyň endiklerinem guýýardy. Ol çagalarda diňe bir uly adamlara däl, eýsem, öz deň-duşlaryna-da hormat bilen garamak barada terbiýe bererdi. Kakam hem, öz gezeginde, Watanymyz, halkymyz, ýurdumyz baradaky oý-pikirlerini goşgy setirlerine geçirerdi. Tebigatymyz barada köp suratlary çekerdi. Häzir men kakamyň 80 ýaşynda ýazan «Ata pendi» baradaky goşgy setirlerini aýdyp bereýin” diýip, Gahryman Arkadagymyz mähriban kyblasynyň goşgy setirlerinden okady. 

Çylşyrymly bolýar durmuşyň ýoly,                                          

Ýöne ýalňyşmajak bolmaklyk gerek. 

Ata-ene käýinse — säwlik goýbersek, 

Ony gaty görmän, düzetmek gerek. 

Bize maslahatçy ata-ene gerek. 

 “Mugallym okuwçylaryň durmuşynda yz galdyrýan halypadyr. Şoňa görä-de, mugallym hemişe öz bilimini artdyrmaga çalyşmalydyr. Döwrüň talaplaryna laýyk täze usullary öwrenip, hünär derejesini kämilleşdirmelidir” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi. 

 Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, dil halklary ýakynlaşdyrmakda, dost-doganlygy berkitmekde, halklaryň medeni mirasyny öwrenmekde esasy hyzmaty ýerine ýetirýär. Mahmyt Kaşgarly, Mahmyt Zamahşary ýaly dilçi alymlar öz dil baýlyklary bilen halklaryň arasynda ylmyň, edebiýatyň, medeniýetiň baglanyşygyny üpjün edipdirler. Türkmen ýaşlarynyň pederlerimiziň bu ýoluny dowam etmekleri parzdyr. 

 “Türkmen dili döwlet dilidir! Türkmen dili dünýäniň iň gadymy, baý we şirin dilleriniň biridir! Dilimize sarpa goýuň! Daşary ýurt dillerini öwreniň! Daşary ýurt edebiýatyny öwreniň! Dil siziň dünýädäki dostlaryňyzyň sanyny artdyrar. Dil siziň dünýädäki abraýyňyzy belende göterer. Halkymyzyň «Dil bilen dana, dil bilmeýän diwana», «Dil — akylyň açary», «Dil bilen dünýäni gezer» ýaly pähimlerini özüňize şygar ediniň!” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy. 

 “Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geljegi siziň nurana ykbalyňyz bilen baglydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Siz öz alan bilimiňiz we zähmetiňiz, edep-ekramyňyz we zähmetsöýerligiňiz bilen eziz Watanymyzyň şöhratyny mundan beýläk-de belende götermelisiňiz. Birek-biregiň üstünliklerine buýsanyp, halkymyzy, Watanymyzy söýmelisiňiz. Ilhalar şahsyýetler bolup ýetişmelisiňiz. Watanymyzyň şanly taryhyna, milli köklerimize, beýik şahsyýetlerimiziň gazananlaryna göz ýetirýän hem-de olardan netije çykarmagy başarýan ýaşlar biziň buýsanjymyzdyr!” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady. 

 Milli Liderimiz umumy okuw sapagyna gatnaşyjylara ýüzlenip, özüniň oý-pikirlerini beýan etmäge isleg bildiren ýaşlara söz berdi. 

 Talyp ýaşlar öz çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň watançylyk, durmuş, jemgyýetde öz ornuňy tapmak, edep-terbiýe ýaly gymmatlyklar bilen bagly umumy sapagyna gatnaşmagynyň ýaşlar üçin ýatdan çykmajak taryhy pursada öwrülendigini aýdyp, ýurdumyzyň bagtyýar talyp ýaşlarynyň adyndan Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işlerinde üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw etdiler. 

 Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow öz şahsy göreldesi bilen Watandan, ata-babalarymyzyň mukaddes topragyndan başga beýik we gymmatly düşünjäniň ýokdugyny her kime görkezýär. Milli Liderimiziň parasatly sözleri, watançylyk we edermenlik baradaky öwüt-nesihatlary döwrebap ýaşlary terbiýelemäge ýardam edýär.

 Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmekde durmuşa geçirilýän özgertmeler rowaçlygyň kepilidir. Çünki ösen ylym-bilim ähli pudaklarda işleri rowaçlandyrýan güýçdür. Şonuň üçin biziň her birimiziň ata Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin janymyzy aýaman zähmet çekmegimiz parzdyr.

Bilim ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda köp tagalla edýän Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygymyzyň çägi ýok.

Ýaşlarymyza okamaga, işlemäge, öz hünär kämilligini ýokarylandyrmaga uly mümkinçilikleri we şertleri döredip berýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezdentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri dowamat-dowam bolsun!

Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, Daşoguz şäher Halk maslahatynyň agzasy, ,,Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” ýubileý medalynyň eýesi

Amangeldiýewa Maýsagözel Muhammedowna

Soňky habarlar