Bilim — bagtyň ak ýoly
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň „Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at- myradyň mekany” ýylynda bilimi we ylmy ösdürmäge, döwrebap bilim-ylym ulgamyny kemala getirmäge gönükdirilen özgertmeleriň netijesinde belent üstünlikler gazanylýar. Berkarar döwletimizde ýaş nesilleriň bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Eziz Diýarymyzda her ýylyň sentýabr aýynyň 1-i uly şatlyk şowhuna beslenýär. Sebäbi bu günde körpeje çagajyklar bilim ojagyna ilkinji ädimleri bilen gadam basýarlar. 1-nji sentýabr - mekdep okuwçylary, talyplar we mugallymlar üçin' täze okuw ýylynyň başlanmagyny alamatlandyrýan ajaýyp baýramçylykdyr. Bu şanly sene biziň ýurdumyzda “Bilimler we talyp ýaşlar güni”, halkara derejesinde bolsa “Bilimler güni” ady bilen dabaralandyrylýan özboluşly bir baýramçylykdyr.
2013-nji ýyldan bäri her ýylyň 1-nji sentýabrynda „Bilimler we talyp ýaşlar güni” mynasybetli 1-nji synpa barýan çagalara hormatly Prezidentimiziň adyndan noutbuk kompýuterleri sowgat berilýär.
1-nji sentýabr — Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli, Türkmenistanyň ähli bilim edaralarynda täze 2026-2027-nji okuw ýylynyň ilkinji umumy okuw sapagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen at bilen geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň halkyna, şol sanda talyp ýaşlara we mugallymlara iberen dabaraly gutlagynda ylym we bilim ulgamynyň döwletiň durnukly ösüşindäki tutýan ornuna aýratyn üns çekdi.
Täze okuw ýylynyň ilkinji sapagy ýaş nesli watansöýüjilik, milli gymmatlyklara hormat goýmak we ýokary ruhubelentlik ruhunda terbiýelemäge gönükdirildi.
Sapaklar 2026-njy ýylyň şygaryna laýyklykda, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna, içeri we daşary syýasatdaky üstünliklere, şeýle hem dünýä taryhynda yz galdyran ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyna bagyşlandy.
Bilşimizi ýaly, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasaty, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwlrebaplaşdyrylmagyna we ýaş nesiliň kämil bilim almagyna, geljekde watanymyzyň kuwwatyny artdyrjak ussat hünärmenleriň ösdürilip ýetişdirilmegine gönükdirilendir.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda „Bilimler we talyp ýaşlar güni” mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary açylyp ulanylmaga berildi. Munuň özi ýurdumyzda häzirki zaman innowasiýalara esaslanýan milli bilim ulgamyny ösdürmäge, hemmetaraplaýyn sazlaşykly milli ýörelgeler esasynda ýaş nesliň sagdyn kemala gelmegi, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim almagy, adamzadyň parahat we bagtyýar geljeginiň hatyrasyna döwletimiz tarapyndan edilýän aladanyň aýdyň güwäsidir.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen bilimini täze belent sepgitlere çykarmaga hem-de bu ulgamda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu günki gün Diýarymyzda merdana pederlerimiziň watansöýüjilik, mertlik, gaýduwsyzlyk, ruhubelentlik, zähmetsöýerlik ýaly ýol-ýörelgeleri günsaýyn rowaçlanýar. Halkymyz hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, ähli ugurlarda uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, gurulýan döwrebap orta we ýokary okuw mekdepleri ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, kämil bilimli nesiller bolup ýetişmeklerine mümkinçilik berýär.
Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy netijesinde biziň ýurdumyzda ýaş nesle mynasyp terbiýe bermek üçin ähli şertler döredildi, ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi, häzirki zaman bilimini ele almagy, ukyplaryny we zehinlerini görkezmegi üçin giň mümkinçilikler açyldy. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary halkara bäsleşiklerinde dürli medallara mynasyp bolup, Watanymyzyň at-abraýynyň dünýä ýüzünde dabaralanmagyna öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Her bir döwletiň ykdysadyýetiniň ösüşinde ileri tutulýan möhüm wezipeleri çözmekde milli bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmegiň ähmiýeti uludyr. Dünýä terjribesiniň görkezişi ýaly, ylmy-tehniki ilerlemäniň ösüş derejesine kybapdaş bilim ulgamy okgunly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biridir. Çünki bilim ulgamy ýurduň ösüşinde ähmiýetli oruna eýedir.
Ýaşlaryň kämil bilim almagy ugrunda döwletli işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!
Goý, hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlaryndan kemal tapan bilim özgertmeleri elmydama rowaçlyklara beslensin!