TM EN RU
Logo
06.03.2024

Hytaý nakyllary

Arkadag hem Pyragy-köňülleriň şamçyragy

Mekir adam şire-de eýer salar.

*  *  *

Dagda samsyk ýoldaşdan gork.

*  *  *

Müň myş-myşdan bir şaýat.

*  *  *

Durşuň dogry bolsa, kölegäň egriliginden gorkma.

*  *  *

Az puly aýamasaň, kän pula ýüzüň düşmez.

*  *  *

Güle bir hepde guwanmak üçin ýylboýy azap çekilýär.

*  *  *

Wyždany hapa adam gerşi ýagyr at ýaly hemişe biynjalykdyr.

*  *  *

Suwsap ugranyňdan soňra guýy gazmaga başlama.

Taýýarlan: Gerekgül  BAÝRAMDURDYÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby

Soňky habarlar