TM EN RU
Logo
06.12.2023

Danalar bilim hakynda

Köp işde şägirt bolanyňdan, bir işde ussat bol!

Ymam Gazaly.


 ***

Ýazgy ýazýan eli görmedik adam haty hereket edýän galam ýazýandyr öýder.

Möwlana Jelaleddin Rutny.


***

Birzady hakykatdan bilmek oňa düşünmek bilen amala aşar.

Sokrat.


 ***

Okamagy hiç bir hazyna çalyşmaň!

Gibben.


***

Her bilýän zadyňy aýtma, her aýdýan zadyňy bil!..

Klaudius.


***

Bilimi beýik bil, okuwy uly,

Bulary bilen Taňrynyň guly.

***

Kim okuwly bolsa, ol uly bolar,

Kim bilimli bolsa, beýige galar.

***

Okan adam ozar, bilimli utar,

Bilimliň, okuwlyň dilegi biter.

Yusup Balasagunly.


Toplan

Gülälek SATYBALDYÝEWA,

Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyby.

Daşoguz habarlary 30.11.2023 №48

Soňky habarlar