Türkmenistanly pedagoglar üçin niýetlenen saýt öz işine başlady

Türkmenistanly pedagoglar üçin niýetlenen saýt öz işine başlady

Türkmenistanda ýerli pedagoglaryň başarnyklaryny, iş tejribesini, döredijiligini, üstünliklerini, aýratynlyklaryny öwrenmek we paýlaşmak maksady bilen, täze saýt — www.tmpedagog.com.tm saýty döredildi. Bu saýt 2023-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda öz işine başlady. Web saýtyň esaslandyryjysy pedagog, telekeçi Döwranguly Annagulyýew.Mekdep pedagoglary üçin niýetlenen täze web sahypa öz içinde täzelikler, pedagogika, gollanma, döredijilik, söhbetdeşlik, bäsleşik, bildiriş bölümlerine bölünýär. Täzelikler bölüminde mugallymlaryň we olaryň taýýarlan okuwçylarynyň şäher, welaýat, döwlet, halkara derejesinde gazanan üstünlikleri, geçirýän bilim-terbiýeçilik çäreleri bilen bagly täzelikler ýerleşdirilýär. Pedagogikada mugallymlaryň iş tejribesi, adygan türkmen pedagoglarynyň ganatly sözleriniň ýygyndysy, baýry mugallymlaryň ýaş mugallymlara we ata-enelere peýdaly maslahatlary orun tutýar. Gollanma bölüminde usuly gollanmalardan tapawutlylykda bilim işgärlerine öz ulgamyndan daşary peýdaly gollanmalar ýerleşdirilýär. Döredijilik bölüminde mugallymlaryň döreden görkezme esbaplary, şygyrlary, dürli mazmunly hekaýalary köpçülige tanyşdyrylýar. Sö [...]

Dowamyny oka
Reýting bahalandyrma ulgamy

Reýting bahalandyrma ulgamy

Reýting bahalandyrmasynyň maksatlary we wezipeleriYlmy-pedagogik işgärleri bahalandyrmagyň maksatlary:ylmy-pedagogik işgärleriň özleriniň hünär işleriniň netijelerini kämilleşdirmeklerine, mugallymçylyk işiniň häzirki zaman tejribesini öwrenmeklerine we olaryň döredijilikli işlemeklige bolan gyzyklanmalaryny artdyrmak;giňeldilen maglumat ulgamlaryny we görkezijilerini peýdalanmak bilen ylmy-pedagogik işgärleri obýektiw bahalandyrmagy gazanmak.Ylmy-pedagogik işgärleri bahalandyrmagyň wezipeleri:ylmy-pedagogik işgärleriň mugallymçylyk, okuw-usuly we ylmy-barlag işleriniň hil derejelerini kesgitlemek;ylmy-pedagogik işgärleriň işini meýilleşdirmegi kämilleşdirmek;ylmy-pedagogik işgärleriň, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň reýtingini ýokarlandyrmaga täsir edýän iş gömüşlerini höweslendirmek;ylmy-pedagogik işgärleriň alyp barýan işleriniň hili babatynda maglumat binýadyny döretmek;ylmy-pedagogik işgärleriň derejesini obýektiw bahalandyrmak üçin bitewi toplumlaýyn ölçegleri kesgitlemek.Reýting bahalandyrmasyna bildirilýän talaplarYokary okuw mekdeplerinde geçirilýän ylmy-pedagogik işgärleriň reýting bahalandyrmasyna aşakdaky talaplar bildirilýär:bahalandyrmagyň maglumatlaryny toplamak we çap etmek üçin ýokary okuw mekdepleri tarapyndan ýörite kompýuter programmasyny döretmek;ylmy- [...]

Dowamyny oka
Bilim ulgamynda sanly bilim

Bilim ulgamynda sanly bilim

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň  Galkynyşy döwrüniň “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda durmuşyň ähli ugurlarynda, şol sanda bilim we ylym ulgamynda hem uly ösüşlere eýe bolýar. Bilim-ylym babatda gazanylýan ösüşler we amala aşyrylýan bilim özgertmeleri bilim ulgamynda işleýän her bir hünärmenleriň öňünde uly döredijilik mümkinçiliklerini açýar. Ýaş nesliň bilimli-ylymly, asylly terbiýeli, ata-Watanymyza, halkymyza wepaly, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmeklerinde bilim ulgamy wajyp wezipäni ýerine ýetirýär. Türkmen halky perzent terbiýesine uly ähmiýet berýär. Olar geljekde öz çagalaryny nähili keşpde görmek isleýän bolsalar, olara kiçiliginden şol terbiýäniň berilmegini ündäpdirler. Olara kämil edep-terbiýe bilen gurşamak jemgyýetiň her bir wekiliniň borjudyr. Ýurdumyzda ähli bilim berýän edaralarynda sanly bilim serişdeleriniň ornaşdyrylmagy hünärmenleriň okuw işlerini talabalaýyk alyp barmagyna giň mümkinçilik berýär. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ýurdumyzda baş maksat, esasy wezipe, döwrüň talabyna görä, ýaşlara dünýä ülňülerine laýyk bilim bermek bolup durýar. Hä [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09