Ýylyň gelşi äheňinden bellidir
2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegine buýsançnamaHormatly Prezidentimiziň düýn, 27-nji dekabrda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde nygtaýşy ýaly, tamamlanyp barýan ýylda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, içeri we daşary syýasatda uly üstünlikler gazanyldy. Döwlet Baştutanymyz olar barada mejlisde jikme-jik durup geçmek bilen, öňde has-da belent maksatlaryň durandygyny we geljek ýylyň anyk işlere hem-de täze taslamalary amala aşyrmaga beslenjekdigini nygtady. 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi şol belent maksatlaryň üstünlikli amala aşyryljakdygyna bolan ynamy has-da berkidýär.Hawa, ýene bir ýyl aýaklady. Tamamlanan her günüň ertir, paslyň özge pasyl, ýylyň täze ýyl, döwürleriň döwürler, eýýamlaryň eýýamlar üçin başlangyçdygy ýazylmadyk hakykat. Diýmek, tamamlanmak — basgançaga, kök-damara, özene hem dowamata öwrülmek. Ýene-de sanlyja günden 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryna orun berer. Netijede, halkyň, döwletiň durmuşynda 2021-nji ýylda gazanylan üstü [...]
Dowamyny oka