Magtymguly Pyragy – Gündogaryň beýik akyldary

Magtymguly Pyragy – Gündogaryň beýik akyldary

Adamzat özüniň taryhynda ençeme ajaýyplyklary döretdi we döredip gelýär. Bu ajaýyplyklar hemişe özleriniň yzlaryny taryhynyň şöhratly sahypalaryna siňdirdiler. Bu ajaýyplyklary döreden, halklarynyň ykbalynda möhüm orun eýelän akyldarlar bu ugurda özleriniň mynasyp goşantlaryny goşdular. Ine, şeýle görnükli akyldarlarynyň biri-de Gündogar edebiýatynda, medeniýetinde öçmejek yz goýan, tutuş Gündogar halklarynyň arasynda özüniň täze filosofik garaýyşlary bilen meşhurlyk gazanan türkmen halkynyň beýik perzendi Magtymguly Pyragydyr.Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik we durmuş ýoly, pelsepewi garaýyşlary, pähim-paýhasy her bir okyjynyň aňynda öçmejek täsir galdyrýar. Akyldar şahyr döredijiligi bilen diňe dünýä söz sungatyna gymmatly miras galdyrman, eýsem, şygyrlarynyň üsti bilen öz döwrüniň adamlaryna dünýäniň gurluşy, ýurtlar we halklar, olaryň aýratynlyklary, uly şäherler, söz ussatlary, halk döredijiligi baradaky maglumatlary ýetirýär, halklaryň arasynda gaýybana tanyşlygy ýola goýýar.Bu beýik akyldaryň döredijiliginde agzalýan birnäçe ynsanperwer meseleler, hususan-da watançylyk, ahlaklylyk, agzybirlik [...]

Dowamyny oka
PÄHIM-PAÝHASYŇ ŞAHYRANA YKRARNAMASY

PÄHIM-PAÝHASYŇ ŞAHYRANA YKRARNAMASY

Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi mirasyna uly sarpa goýýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly gelnen Karar munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu günki günlerde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, halkara ylmy-amaly maslahatlar, dürli mazmundaky döredijilik duşuşyklary, ýaryşlardyr bäsleşikler guralýar. Beýik akyldar şahyr hakda şeýle mazmundaky çäreleriň geçirilmegi Gündogaryň beýik danasynyň mirasyna goýulýan sarpanyň belentdigini ýene bir gezek aýdyň subut edýär.Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti bilen bilelikde guran “Arkadagyň sarpasy – Pyragynyň paýhasy” atly  maslahaty hem türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şanly toýuna bagyşlanylyp geçirilýän dabaralaryň üstüni ý [...]

Dowamyny oka
ŞYGRYÝET ÄLEMINIŇ BEÝIK USSADY

ŞYGRYÝET ÄLEMINIŇ BEÝIK USSADY

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik şahyryň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi hasaplanýan gymmatly mirasyny öwrenmäge, wagyz etmäge möhüm ähmiýet berip, bu dogrusynda: «Magtymguly Pyragyynsan kalbynyň öçmejek nurydyr» diýip, öz taryhy çykyşlarynda belläp geçýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly nusgalyk eserinde hem dana şahyrymyzyň keşbi, ruhy dünýäsi çepersözüň üsti bilen açylyp görkezilýär.Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy¬nyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi «Magtymgula tagzym» atly ajaýyp kitaby taýýarlap, halkymyza ýetirdi. Bu kitaba döwürdeş şahyrlarymyzyň beýik akyldara bagyşlap döreden goşgulary we poemalary girizilipdir. Olaryň her birinde şahyrlaryň Magtymgula bolan hormaty, söýgüsi, buýsanjy beýan edilýär.«Şahyryň eserlerine siňdiren berkarar ýurt gurmak, haýyr-sahawatlylyk, edep-ekram, sylag-hormat, sahylyk, myhmansöýerlik, agzybirlik baradaky filosofik pikirleri, ynsanperwer garaý [...]

Dowamyny oka
Ynsanlaryň köňül küýsegi

Ynsanlaryň köňül küýsegi

Magtymguly Pyragy çuň mazmunly ajaýyp şygyrlary bilen türkmen we dünýä edebiýatynyň baý hazynasyna uly goşant goşan beýik akyldardyr. Magtymgulynyň döredijiligi ata-babalarymyz tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda toplanan medeni mirasyň merjenidir.Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Firdöwsi, Rumy, Nyzamy, Fizuly, Rudaky, Nowaýy ýaly edebiýat äleminiň ägirtleriniň hatarynda mynasyp orun alan dana Pyragy dünýä nusgawy şygryýetiniň beýik ussadydyr.Şahyryň agzybirlik, bitewülik baradaky goşgulary nesilleri halallyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik, watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Türkmen halkynyň durmuş pelsepesine öwrülen ol ajaýyp şygyrlar, öňe sürlen taglymatlar, öwüt-ündewler we ýörelgeler bu gün tutuş adamzadyň diliniň senasyna öwrüldi.Hydyr gezen çölde iller ýaýylsyn,Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn,Çille mest nerlermiz barça aýylsyn,Bir suprada eda bolsun aşymyz— diýmek bilen, şahyr bitewüligiň, agzybirligiň il-halk üçin möhüm şertdigine ünsi çekýär.Şirinden-şirin şygyrlarynyň üsti bilen pelsepewi garaýyşlary halkyna bagyş eden Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky ynsanperwer pikir-garaýyşlar asyrlar geçse-de, gymmatyny ýitirmeýär. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň « [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09