Bilimli nesiller döwrüň guwanjydyr

Bilimli nesiller döwrüň guwanjydyr

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr» diýmek bilen, ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyklykda kämilleşdirmegiň, ýaş nesillere döwrebap bilim, terbiýe bermegiň zerurdygyny yzygiderli nygtaýar.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiz tarapyndan esaslandyrylan döwletliligiň synmaz sütünlerini berkidýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz milli bilim özgertmelerini dowam edip, giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşlary Watana söýgi, wepalylyk ruhunda terbiýelemekde beýik işleri bitirýär. Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň mümkinçiliklerini giňden açmakda, dünýä derejeli ylmy düşünjesi bolan hünärmenleri, alymlary ýetişdirmekde halkara hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmak ýaly wezipeler hormatly Prezidentimiziň döwlet Baştutany wezipesine dalaşgärlik maksatnamasyndan gözbaş alýar: «Ylmyň kökleri çagalar bagyndan başlap ösmelidir we munuň üçin ylym-bilimiň basgançaklary dünýä standartlarynyň talaplaryna doly laýyk getirilmelidir».Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly [...]

Dowamyny oka
Dünýä saglyk bilen görkli

Dünýä saglyk bilen görkli

Dillerimiziň senasyna öwrülen «Sag başym — soltan başym», «Saglygym — begligim», «Saglyk — baýlyk» ýaly nakyllardyr atalar sözleri ata-babalarymyzyň saglyga näderejede ähmiýet berendigine, ony dünýäniň mal-mülkünden, genji-hazynasyndan hem zyýat görendigine şaýatlyk edýär.Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebap ösdürmek, adamlaryň saglygyny goramak babatda alnyp barylýan işleriň täze derejä göterilmegi zamanamyzyň buýsandyryjy hakykatydyr. Lukman Arkadagymyz ýurdumyzda ýaşaýan her bir adamyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulanmagy ugrunda ýadawsyz alada edýär, halkymyzyň jan saglygyny hemme zatdan ilerde tutýar, ony goramaga uly üns berýär, bu ugurda ylmyny, zehinini, zähmetini gaýgyrmaýar. «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary», «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy», «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar» atly dürli ýyllarda halkymyza peşgeş eden kitaplary Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanyna, ene topragyna, mähriban halkyna bolan çuňňur söýgüsiniň aýdyň alamatydyr.Geçen ýyl ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy- [...]

Dowamyny oka
TÜRKMENISTAN – SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ MEKANY

TÜRKMENISTAN – SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ MEKANY

Eýýäm birnäçe ýyllardan bäri aprel aýyny saglyk aýy hökmünde bellemek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem aprel aýyna saglyk aýy hökmünde badalga berildi. “Sagdyn bedende sagdyn ruh” diýlişi ýaly, ýurdumyzyň çar tarapynda bedenterbiýe we sport çäreleri giň gerim aldy. Şeýle çäreleriň biri hem Daşoguz şäherindäki on müň orunlyk sport toplumynda welaýatymyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň zenan mugallymlarynyň arasynda geçirildi. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesle bilim-terbiýe bermek bilen meşgullanýan zenanlarymyzyň bu çärelere işjeň gatnaşmagy buýsandyryjy ýagdaýdyr. Bäsleşige gatnaşyjylar woleýbol, küşt, şaşka, stoluň üstünde oýnalýan tennis ýaly sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşdiler. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilmeli çäreleriň çäklerinde geçirilen bu bäsleşiklere biziň B.Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimiziň zenan mugallymlary hem işjeň gatnaşdylar. Köpçülikleýin sportuň we bedenterbiýäniň wagyz edilýän günlerinde şeýle çäreleriň geçirilmegi buýsandyryjy ý [...]

Dowamyny oka
Kämilligiň berk binýady

Kämilligiň berk binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda milli bilim ulgamyna hem döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berlip, hil taýdan kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde durmuşa geçirilýän beýik işler belent üstünliklere guwanyp ýaşaýan halkymyzy döredijilikli zähmete ruhlandyrýar.Häzirki wagtda ýurdumyzda bilimli ýaş nesilleri kemala getirmäge, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan kämil hünärmenleri taýýarlamaga döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek işi şu günüň möhüm wezipesi bolup durýar. Şonuň netijesinde ýaşlaryň jemgyýete mynasyp agza hökmünde goşulyşmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023—2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksady, wezipeleri we ýörite ugurlary kesgitlenilip, bilim bermegiň ä [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09