Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
2024-nji ýylyň 11-nji aprelinde Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Döwlet Baştutanymyzyň bu eseri gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlanýar. TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde kabul edilen bu çözgüt Watanymyzyň belent halkara abraýa eýediginiň, türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşan uly goşandynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň güwäsidir. Tanyşdyrylyş dabarasyna Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň wekili, Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.Çykyşlarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ajaýyp eseriniň halkymyzyň şöhratly taryhyny hem-de baý medeni mirasyny öwrenmekde, giňden wagyz etmekde uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, mazmunynyň maglumatlara baýdygy, olaryň çeper we düşnükli dilde beýan edilýändigi bellenildi. Bu kitabyň neşir edilmegi Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary [...]
Dowamyny oka