Kitap – kämilligiň gözbaşy
Bilşimiz ýaly kitap durmuşyň aýnasydyr diýilýar. Täze ýylyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar- Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň çapdan çykmagy halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan, jöwher paýhasyndan dörän kitapda Türkmenistanyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jemi jemlenýär.Hormatly Prezidentimiz geçmişden geljege uzaýan ýollarda ýaşlaryň ornunyň örän uludygyny nygtap, durmuşda elmydama aýgytly gadamlary basmagy – gerek ýerinde oýlanşykly töwekgellikleri başarmagy öwüt edýär.Mundan başgada kitapda:,,Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr. Biziň halkymyz kitaphon halk. Kitap okalyp, onuň mazmuny köpçülige ýetirlensoň, ol ruhy baýlyga öwrülýär. Kitapdan okalan, öwrenilen gymmatly bilimler hem terbiýäniň üsti bilen geljekki ýaşlara geçirilýär” diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesillerimize döwlet derejesinde uly üns berilýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň asuda durmuşda ýaşamaklygy we döwrebap bilim almaklary üçin yzygiderli işleri durmuşa geçirýär. Berkarar [...]
Dowamyny oka