Bir minutda 148 kokos döwen adam Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Bir minutda 148 kokos döwen adam Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Bosniýa we Gersegowinanyň ýaşaýjysy, “Çekiç-elleri” lakamly söweş sungatynyň ussady Muhamed Kahrimanowiç Ginnesiň rekordyny täzeledi diýip, UPI ýazýar. Iki elini ulanyp, ol bir minutda 148 kokos döwdi.Eýýäm bu onuň goýan altynjy rekordy. Bularyň hemmesi onuň bir minutda 74 sany gutyny döwmegi başaranyndan soň başlady, soňra zatlaryň sany köpeldi we Muhamed has gaty kokoslara geçdi. Iň soňky rekord 2020-nji ýylda bellige alynypdy , Kahrimanowiç bir minutda, esasanda sag eliniň gapdaly bilen 130 kokos döwdi.Ginnesiň rekordlar kitabynda her bir kokosyň bir el bilen döwülmelidigi barada şert bar. Öňki rekortdan 18 sany kokos bilen tapawutlanýandygyna garamazdan , rekordyň eýesi iki elini ulanandygyna begenýär.Jennet ŞAMYRADOWA,Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.Salgy: newashgabat.com [...]

Dowamyny oka
Energiýanyň alternatiw çeşmeleri

Energiýanyň alternatiw çeşmeleri

Hormatly prezidentimiz her çykyşlarynda iň gowy daşary ýurt tejribelerini işjeň öwrenmäge, ösen ýurtlarda şäher hojalygyny netijeli guramagyň kadalaryny seljermäge, tebigy serişdeleri tygşytlamaga mümkinçilik berýän döwrebap tehnologiýalary ulanmaga çagyrýar.  Hususanda munuň özi bir tarapdan, gaýtadan dikeldilýän çeşmeler hökmünde Gün we ýel energiýasyny peýdalanylmagyna, beýleki tarapdan bolsa, binalaryň ýerasty suwlarynyň hereketi we gün şöhleleriniň ugurlary hasaba alyp ýerleşdirilmegine degişlidir. Şeýle hem ýagyş ýagmyrlary oýlanşykly peýdalanmak gerek ýagyş suwlary toplamak ulgamy olary baglary suwarmakda ulanmaga mümkinçilik berer.Energiýanyň alternatiw çeşmeleriniň howanyň we tebigatyň arassa saklanmagynda uly täsiriniň bardygy hemmä mälimdir. Emma isle ýelden alynýan bolsun, isle-de Günden tapawudy ýok, bu çeşmelerden ýylyň ähli paslynda, dürli howa şertlerinde peýdalanyp bolmaýar. Hatda akar suwlardan alynýan energiýany elmydama üznüksiz peýdalanyp bolmaýar. Suwuň kesilmegi önümçiligi togtatmaga ýada azaltmaga getirip bilýär. Emma ösen tehnologiýa şeýle bökdençlikleriň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Iň arassa energiýa çeşmesi hasaplanýan Gün [...]

Dowamyny oka
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde “AÇYK GAPYLAR GÜNI” geçirildi

Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde “AÇYK GAPYLAR GÜNI” geçirildi

Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda ýaşlar bardaky döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Okamak we öwrenmek, sport bilen meşgullanmak, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak bagtyýar nesillerimiziň  baş maksady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzda halkymyzyň baý medeni mirasyny gorap saklamak we öwrenmek, milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy wagyz etmek arkaly sagdyn, bilimli, ýokary aň-düşünjeli, watansöýüji ýaş nesiller üçin maksatnamalaýyn işler yzygiderli amala aşyrylýar. Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde hem ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, hünärlerini kämilleşdirmekleri, boş wagtlaryny döredijilikli peýdalanmaklary üçin birnäçe işler alnyp barylýar. Ýylyň-ýylyna Mugallymçylyk mekdebinde “Açyk gapylar güni” uly şatlyk-şowhuna beslenip, ruhubelentlik ýagdaýda guramaçylykly geçirilýär. Bu gezekki Açyk gapylar gününe hem birnäçe myhmanlar, orta mekdebiň mugallymlary, okuwçylary höwes bilen gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylar mekdebiň her usuly birleşmesi tarapyndan taýýarlanan ýörite sergini synladylar. Mugallymçylyk mekdebininde ýerleşýän edara binalary mejlisler zaly, kitaphana, [...]

Dowamyny oka
MAGRUPDAN-MAŞRYGA «Magtymgulynyň  döredijiligi - umumadamzat mirasy» atly ylmy maslahatyndan täsirler

MAGRUPDAN-MAŞRYGA «Magtymgulynyň döredijiligi - umumadamzat mirasy» atly ylmy maslahatyndan täsirler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde baý edebi mirasymyzyň düýpli öwrenilmegi we dünýä jar edilmegi giň gerime eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz: “Akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň eserleri bu gün türkmen kalbynyň owazy bolup, dünýä ýaň salýar. Dana Pyragyny dünýä beren halkymyzyň mertebesi Ýer ýüzünde hemişe belentdir” diýip parasatly belleýär. Türkmen nusgawy şahyrynyň şanly senesi mynasybetli dünýä möçberinde çäreleri geçirilýär. Hususan-da, Magtymguly Pyragynyň adamzadyň altyn genji-hazynasyna öwrülen baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek we dünýä jar etmek maksady bilen Magtymgulynyň nazary düşen ýurtlara medeni iş saparlary guralýar. Yzygiderli guralýan çäreler nesil terbiýesinde uly ähmiýetli bolup, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine belent sarpa hökmünde dabaralanýar.  15-nji maý güni Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Medeni miras: geçmişden geljege” UNESCO kafedrasy tarapyndan guralan “Magtymguly Pyragynyň döredijiligi-umumadamzat mirasy” atly ylmy maslahata mekdebimiziň mugallymlary: Arazberdiýewa Şeker we Otuzowa Aýbölek [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09