Jemgyýetde maşgalanyň orny we sosial goraglylyk

Jemgyýetde maşgalanyň orny we sosial goraglylyk

Maşgala-sosial edaranyň hem sosial toparyň hem sypatlaryny özünde jemleýän ulgamdyr. Sosial edara hökmünde maşgala – maşgala agzalarynyň gatnaşyklaryny kesgitleýän sosial kadalaryň, nusgalyk häsiýetleriň jemi bolup çykyş edýär. Maşgala – nika ýa-da gan birligine esaslanýan, agzalary umumy durmuş birligi, özara ahlak jogapkärligi we birek-birege hemaýat bermekligi bilen baglaşan sosial topar bolup çykyş edýär. Jemgyýetde maşgalanyň ilkinji wezipesi geljekki nesli öndürmek we çaga terbiýelemek bolýar. Biziň galkynýan zamanamyzda maşgalanyň ykdysady, hünär we medeni wezipeleri hem artýar. Bazar ykdysadyýetine geçilýän döwürde maşgala agzalarynyň biri-biri bilen ykdysady baglanyşygy güýjeýär. Kiçi we orta telekeçiligiň ösmekligi bilen olaryň hünärleriniň umumylygy berkär. Türkmen maşgalasynyň aýratynlygy diňe bir onuň giňeldilen görnüşi bilen bagly bolman eýsem, är-aýalyň maşgala gymmatlyklaryna gönükdirilendikleri bilen hem tapawutlanýar. Maşgala gymmatlyklary asyrlaryň durmuş tejribesiniň jeminden kemala gelipdir. Biziň galkynýan eýýamymyzda türkmen maşgalasynyň ösüşi maş [...]

Dowamyny oka
Haly täsinligiň gözbaşy.

Haly täsinligiň gözbaşy.

Bir gezek dutaryň halydan dokalan gabyny görüp geň galypdym. Haly horjunyň, haly çuwalyň, haly eňsiniň (gapy kilim) baryny bilýänem bolsam, dutar daşy (ony şeýle atlandyrýan ekenler) görmändim. Ýöne soňra eşidip otursam, täsin haly önümleri başga-da kän ekeni.Türkmen halkynyň eli çeper gelin-gyzlary edil häzirki döwürde bolşy ýaly geçmişde hem dokmaçylygyň dürli ugurlarynda özleriniň el hünärlerini görkezipdirler. Öňki döwürde gelin-gyzlar haly önümleriniň has köp görnüşleini öndüripdirler. Olaryň doly bolmadyk sanawy şulardan ybarat.Jul – bedew atlaryň haly eşigi.Tüpeňdaş – tüpeňleri salyp goýmak üçin şonuň ölçeginde dokalan haly.Namazlyk – iki tarapy göniburçly, kybla tarapy ýarym aýlaw şekilli haly.Dogabag – ini dört barmak ýaly, bedew atlaryň boýnuna bezeg üçin dakylýan haly önümi.Bukja – mekdebe-medresä gatnaýan talyplaryň göterýän ýantorbasy.Möhür daş – möhürleri salyp goýmak üçin kiçijik haly torba.Perman daş – Permanlary, tarhan hatlaryny salyp goýmak üçin haly torba.Ikselik – Ik salynýan haly [...]

Dowamyny oka
Alymlar 3200 ýyl mundan ozal oýlap tapylan atyry täzeden döretdiler

Alymlar 3200 ýyl mundan ozal oýlap tapylan atyry täzeden döretdiler

15 sany hünärmenden ybarat bolan topar 3200 ýyl mundan ozal işlenip düzülen hoşboý ys formulasyny täzeden döretdiler. Bu barada DHA ýazýar.Olar üç ýylyň dowamynda bu taslamanyň üstünde işlediler.Akkad dilindäki bu formula, Mesopotamiýada ilkinji zenan parfýumeriýaçy we himiýaçy hasaplanýan Tapputiniň palçykdan ýasalan tablisasyna ýazylan. Melissa, mirra, bägül we beýleki maddalar agzalýar.Formuladan başga-da, ýazgyda hoşboý ys berijiniň ýasalyşynyň prosesi jikme-jik beýan edilýär.Mährişat GULGELDIÝEWA,Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.Salgy: newashgabat.com  [...]

Dowamyny oka
Bir minutda 148 kokos döwen adam Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Bir minutda 148 kokos döwen adam Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Bosniýa we Gersegowinanyň ýaşaýjysy, “Çekiç-elleri” lakamly söweş sungatynyň ussady Muhamed Kahrimanowiç Ginnesiň rekordyny täzeledi diýip, UPI ýazýar. Iki elini ulanyp, ol bir minutda 148 kokos döwdi.Eýýäm bu onuň goýan altynjy rekordy. Bularyň hemmesi onuň bir minutda 74 sany gutyny döwmegi başaranyndan soň başlady, soňra zatlaryň sany köpeldi we Muhamed has gaty kokoslara geçdi. Iň soňky rekord 2020-nji ýylda bellige alynypdy , Kahrimanowiç bir minutda, esasanda sag eliniň gapdaly bilen 130 kokos döwdi.Ginnesiň rekordlar kitabynda her bir kokosyň bir el bilen döwülmelidigi barada şert bar. Öňki rekortdan 18 sany kokos bilen tapawutlanýandygyna garamazdan , rekordyň eýesi iki elini ulanandygyna begenýär.Jennet ŞAMYRADOWA,Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.Salgy: newashgabat.com [...]

Dowamyny oka
Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09