PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINDE ÝAŞLARYŇ TERBIÝESI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz ýurdumyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmegi we il-halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini barha ýokarlandyrmagy baş maksat hökmünde kesgitlän hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan durmuş-ykdysady syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Durmuşa geçirilýän möhüm ähmiýetli wakalar tutuş dünýä ýüzünde uly at-abraýa eýe bolan Türkmenistan Watanymyzyň güýç-kuwwatyny has-da artdyrýar. Ýurdumyzda her ýyly mynasyp şygar bilen atlandyrmak ençeme ýyl bäri asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylyň 29-njy dekabr güni geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2024-nji ýylyň şygaryny “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýip atlandyrmak boýunça Mejlisiň Kararyny makullady. Köňüllere öçmejek buýsanjy nagyşlan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň uly zähmet üstünlikleri, mähriban halkymyzyň ýeňişli gadamlary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyza belent menzilleri bagyş edýär. 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly [...]
Dowamyny oka