Beýik ýeňiş ösüşlere badalga
Adamzat jemgyýeti ylymyň hasabyna iňňän belent derejelere ýetip bilýär. Ylym durmuşy kämilleşdirýär. Ýaşaýşa zynat berýär. Adamzadyň durmuşa akyl ýetirmeginde ylymyň hyzmaty örän uludyr. Şonuň üçinem ylym dünýäsi ynsan üçin mukaddeslikleriň we gymmatly çeşmeleriň dünýäsidir. Täze taryhy zamanada hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli ylym hem-de bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler halkymyzyň durmuşyna uly özgerşikleri girizjek ylym açyşlara badalga berdi.Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar watanyň daýanjy” atly kitabynda: “Biz ýaşlara we olaryň sowatlylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýäris. Ýurdumyzda ilatyň, şol sanda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, aýratyn hem, hünär bilimlerini almaklary babatda ähli şertleri, mümkinçilikleri döredýäris.” diýip, ýurdumyzyň baýdak göterijileri bolan ýaşlara uly ynam bildirýär.Ýurdumyzda her ýyl Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň arasynda okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleşigi geçirilýär. Ýakynda “Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleş [...]
Dowamyny oka