Psihologiýa ylmynyň kemala gelmegi.
Psihologiýa adalgasy. Islendik ylym özüniň öwrenýän ders hadysalary, olary derňemek usullary bilen tapawutlanýar. Psihologiýa – bu babatda beýleki ylymlardan düýpli özboluşlylyk mahsusdyr. Takyk bilim düşünjeleriniň ulgamy mazmunynda ol diňe ýörite meşgullananlara mälim bolup, durmuş hadysalary hökmünde bolsa, her kime tanyşdyr. Biziň ata-babalarymyz paýhasy adamyň bedenine salnan, görýän, eşidýän, syzýan zatlarymyzy seljeriji başga bir gurluş häsiýetde düşündiripdirler. Pelsepe jähtden paýhasyň tebigatyny we ýüze çykyşyny düşündirýän materialistik we idealistik garaýyşlar bardyr.Idealistik garaýşyň nukdaýyndan dünýäniň maddy we nusga-ideal goşa başlangyjy bolup, nusga häsiýet barlygyň görnüş, keşp tarapynyň onuň maddy, mazmun tarapyny kesgitleýji orunda bolýar. Bu garaýyşlaryň aýrybaşgalygy pelsepäniň akyl ýetiriş nazaryýetiniň mazmunynda has äşgär ýüze çykýar: adam barlyga akyl ýetirmekde zatdan pikir, aňyýete geçýärmi ýa-da tersine-ilki aňdaky belli bir mazmunyň esasynda onuň maddy mazmunyny tapýarmy? Bu sowala ol ýa-da beýleki jogap bilen degişlilikde iki dünýägaraýşyň [...]
Dowamyny oka