Ömürleriň we göwünleriň aýdymy
Garaşsyzlyk — türkmen ruhuny galkyndyryp, täze ykbal bagyş eýlän mukaddeslik, türkmen üçin ömrüniň aýdymyna deňelýän gymmatlyk, türkmeniň Watan içre Watany hasaplaýan barlygy, halkymyzy müdimilik juwan eýlän baýlyk, agzybirligiň nyşanydyr. Garaşsyzlyk — parahatsöýüjiligiň beýik nusgasy, pederlerden dowam bolan täze eýýamy türkmen ykbalyna ýazan ömrümiziň sowulmajak bahary!Dünýäde parahatçylyk ýoly bilen gadam basmakdan, deňi-taýy bolmadyk gözellikleri döredip, onda öz bagtyňy şöhlelendirmekden, älemde beýik ynsanperwer ýörelgeler bilen tanalmakdan uly bagt barmy?! Ine, şol bagtyň agzybirlige ýugrulan sergin şemaly halkymyzy abadan ýaşaýşyň ruhuna gaplap aldy. Şeýlelikde, merdana pederlerimiziň jahany baglan şan-şöhraty bilen berkarar bolan ýurt Garaşsyzlygy — pederlerimiziň arzuwlan parahatçylygynyň durmuşa ornaşdyrylan subutnamasyna öwrüldi.Bu gün türkmen halky her bir ynsanyň bagtly bolmagy, gijeleriniň rahat, gündizleriniň parahat bolmagy üçin alada edilýän beýik zamanada eşretli durmuşda ýaşaýar hem-de şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuny zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Garaşsyz Watanymyzyň ylymda-bilimde, medeniýetde, sungatda, saglygy [...]
Dowamyny oka